Çagalykdan görüp gelýän
günlerim.(Gitara aýdym)

Gaharyma baryp aldym neşämi,
Ejem girdi düýşüme eli mäşeli:
- Näme balam mydam agzyň neşeli!?-
Sekiz ýaşdan görüp gelýän günlerim.

Mekdebime aýak ýalaň gatnadym,
Türme içinde şol günleri ýatladym,
Aglap-aglap gijelerine ýatmadym,
Sekiz ýaşdan görüp gelýän günlerim.

Ejem pahyr mydam pula zar boldy,
Aglap-aglap iki gözi kör boldy,
Balam seniň wah sesiňe zar boldy,
Oglanlykdan görüp gelýän günlerim.

Dost-ýarlarym wah ejeňiz ölmesin!
Taňrym size şeýle güni salmasyn!
Meniňki ýaly günler sizde bolmasyn!
Çagalykdan görüp gelýän günlerim.


Awtory: Näbelli.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir