Täze ýylyň ilkinji gününden başlap şu saýtda käbir düşüniksiz ýagdaýlar ýüz berip gelýär. Ilki milli gymmatlyklarymyza şyltak atyldy, yz ýanyndan agzalaryň özara öňşuksyzlyklary döredi. Şol sebäpli asylly, salyhatly ýazgylar ýazýan, gyzykly pikirleri orta atýan agzalar bärden uzaklaşyp gitdiler.Ynha, indi bolsa başga bir täsin ýagdaý, meniň ulanýan “mazmun” adymy başga biri ulanyp, göýä men bolup ýazgy ýazyp ugrady. Men muny ýazgarmaýan, emma adminler beýle ýagdaýa üns berseler gowy boljak. Indi men şu ýagdaýdan soň “mazmun” adymdan ýüz öwürýändigimi yglan edýärin. Adminlerdenem bolsa şu ada böwet goýmagyny haýyş edýärin. Ynha meniň atdaşymyň aramyza gelip goşulan güni, wagty, sagady: (mаzmun hakynda mаzmun, 2009-01-07 23:40:54 senesinden bäri agzamyz. 0 ýazgy, 1 jogap ýazypdyr. Ýazanlary /jogaplary)

Köneler, mazmun tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir