Adam elmydama ýeňmek uçin döredilendir!!! Yöne şeyle mahal gelyar velin hatda iň ekabyrlar hem gapana duşen deý çykgynsyz yagdayda galýarlar!! Ana sol pursat dünýäde ýene adamzat yeňlendir öýdýärler, emma adamzat herzaman öňe tarap ymtylyar... ol bagt guşy yzyndan, we çalt hereket bilen hiç oýlanmany ylgaýar!!Ine ol kert gaýa bilen bu gaýa tarap getiren ýodajyk arasyna ýetende özüne gelýär... Emma eýýäm giç... tizlik bu ymtylmada örän ýokary...we naçe durmak isleseň-de durmak gaty kyn...şol pursat adamzat kalby eläçsiz aglamaga başlayar!!! "Näme uçin... kim uçin men bu ymtylyşy etdim... Nämä gerekdi eger soňunda ýene beýik belentlikler ýer bolup galsa!!Näme gerekdi bu ajylary duýmakda, eger soňy beýle boljak bolsa..." şu ýerde adamzadyň umytsyzlykdan egoistiki duşunjeleri ýüze çykýar!!! Adamzat ömrüniň esasy manysyny şu ýagdaýdygyny öwrenýär!!ýagny bar zadyň ýenede yer-yer boljagyny!!!Bu durumda durmuşa bolan öýke hasam möwjeýär...Emma hiç bir zat ony nätse-de bu kert gaýadan aşak gaçmazlyna kömek edip bilmeyar...Hemme zat gutardygyna ynananasy gelmeýar,ol yzyna bakyp, bir adamyň elinden tutmagyny , bu kert gaýadan aşak gaçmazllygyny umyt bilen cagajyk çaly isleýär, ýöne hakykatda bu zadyň bolmajagyna gozi yetip, ýürekden çyn bilen aglaýar...Bu gozyaşlar içinde ol ýene-de umyt bilen arkasyna bakýar, we göryär... Adamzat bu depa gelyançä diňe öýke kine, gaygy-gam, ölum-ajy görmedi ahyry...Ol bu belentlige çykyp gelýärka şatlyk... her münber arşa galdykça begenç görüpdi ahyry!!!Beýige ýetende kert gaýa geljegini bilmänliginden bu ymtylyşa çaga kimin şatlandy ahyry!!!Ine şu ýerde adamzat hut tuys durmuşyn manysyna duşünýär!! Durmuş bu beýiklikden aşak gaçyp ajysyny duymak bilen birlikde bu beyiklige yetyançäň ol yetmek arzuv bagty!!!Bu durmuş diňe jogapsyz söýgüden ýanmak däl eýsem ol duýgyny bize durmuşyn peşgeşi ahyry... ony duydurmagy ahyry!! Bu durmuş biziň gozyaşlarymyzyň sebäpkärleri bizi öýke kine etdiren adamlaryň mahabatlanmasynda däl eysem, ol adamlaryn şol pursatda yalnyş bolsa-da bizin saýamyzda şatlanmagy ahyry... Bu durmuş soýginiň ajylygy bilen bir hatarda ol duýguny sarp eden adamlara iň sonky sapar bolsada söýgi bilen bakmak ahyry... Adamzat şu pursatda yüzündaki gorky ve öýke birden şatlyk ve gülka öwrülýär!!! "Diýmek men bu durmuşy yöne yere ýaşamandyryn, menem biriniň söýgusine mataç bolupdyryn, ol duýgyny duýupdyryn!!Ol ajap duýgyny... Adamzadyn bu duýup bilmejek agyrysyny duýup şu belentliklere ýetip bilipdirin... Gülenleriň şu dereja ýetip bilmegimde gaýtam kömek edenlerini özlerem bilmeyanligini düşünip başyny dik tutup, abray bilen yene öňüne, kert gaya tarap bakyar...Bu pursatda ol eýýäm ýere gaçyp başlasa-da gülki bilen gujagyny uludan açyp ölümün ýüzüne gülüp bakýar... şu yerde durmuş hem oz ýeňlenini, adamzat hasiýetinden onun gujur gaýratyndan, agyr külpetlerem yeňip bilme güýjünden yeňlenini boýun alýar... Sebäp adam näçe ajy çekse-de ýene durmuşa gulup bakyar!!! Bu pursatda ömrüň nähili ajaýypdygyny duşünip galýar, we ýene-de bir uly yenis gazanyar... hat-da ýüreginde ol ajy çekdiren adamyň salan yarasy bitmese-de ýenyar...

Köneler, imperator tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir