Kerpiç zawodynda ýükçi bolup işleýän Hamadyñ gözleri kimdir biri ony aldamakçy bolanda aşa geñirgenip, soñam şol durşuna hemişelik doñup galan ýaly tes-tegelekdi. Şonuñ üçinem adamlar oña arkasyndan "Hamat guş" diýerdiler. Ýolda-yzda duşanlarynda-da, hamana öýkünýän ýaly, oña gözlerini tegelemän garap bilmezdiler.
Gürrüñdeşiniñ özüne gözlerini bolşundan has giñ açyp seredýändigini gören Hamat guş gözlerini öñküden-de beter tegelärdi. Adatça, gürrüñdeşi-de ondan galmansoñ, ol, aljyrap, gözlerini petredibererdi.
Bu ýagdaý Hamat guşuñ ýüreginde hemişelik yz goýdy. Onuñ adamlara ynamy gaçdy. Bu ynamsyzlyk-da dura-bara hiç hili içki duýgyny añlatmaýan sowuk ýylgyrma öwrülip, onuñ ýüzüne çykdy. Obadaşlary-da ondan kem galmajak bolýan ýaly, onuñ ýüzüne galapyn ýylgyrma bilen bakardylar.
Ine, bu günem Hamat guş ile belli sowuk ynamsyz ýylgyrmasy bilen jowur ak dişlerini hebeşiniñki ýaly hünni gara ýüzünde akjardyp, öýlänler şäherçäniñ tikin ussahanasynyñ gapysyndan girdi.
– Essalawmaleýkim!
Ussahananyñ töründe ullakan stoluñ üstüne eglip, mata gyrkyp duran jüýkburun biçimçi ýüzüni çalaja galdyryp:
– Oh-how! – diýip, aşa geñirgenenini bildirdi. – Sen nire bu taýlary nire-how? Gaýtam özüñe salawmaleýkim! Gel bakaly, geç! Näme hyzmat?
Hamat guş biçimçiniñ özüne hormat goýuşyndan hoşal bolup, hemişekisinden yssyrak ýylgyrdy, ýöne ýüzünde öñden doñup galan ynamsyzlyk welin, ýerini üýtgetmedi. Ol ussanyñ edip duran işini gutarmagyna maý berýän äheñde salykatlylyk bilen oturgyja gondy. Ýasama ýylgyrmasyna ymykly geçip, goltugyndaky matanyñ çetinden çekeledi.
– Balak tikdirmäge geldim. Matasy özümden. Arada şähere gidemde duşaýdy, amatlyja aldym. Matalygy añrybaş diýdiler. Sap ýüñ. Arzan däldigini añýansyñ.
– Ýüñ matany añrybaş diýip hasap etseñ, sözüm ýok. Bahasy başga mesele. Ýöne her matañ öz ýeri bar. Ýüñ gyşyna gowy, pagtadan dokalan bolsa – ýylyñ galan üç paslynda... Sintetiki matalañam gowy ýeri bar, olar ütügi gowy tutýar, ýygyrt atanok. Arassa ýüñ bolandan, özüm-ä azak-tenek gatançlysyny kem göremok, işimiz añsatlaşýar.
Soñky sözi eşidende, Hamat guşuñ ýüregine derrew şübhe aralaşdy, ol içini gepletdi: "Seret muña, eýýäm başlady! Gyrp-çyrp etmän, oñjak däl-dä!"
Müşderiniñ goltugyndaky matanyñ arzy bahasyny, gözi kakalyşandan, ýüzüniñ ugruna kesgitlän gaşlarynyñ arasy bitişik, gözleriniñ ýitiligi gürrüñdeşiniñkiden görnetin ökde, ýaşy kyrka basalykly, çepiksiden çalasyn biçimçi, şondan soñ artykmaç eglenip durman, hatda ýüzünem galdyrman, öz ussahanasyna gelýänler bilen alyşýan adaty sorag-jogabyna geçdi.
– Balak özüñemi?
– Hawa-la, özüme-le wah...
– "Wahyñ" näme?
Biçimçi kellesini-de galdyrman, öñküsi ýaly öz işi bilen gümrady. Ol stoluñ üstünde ýatan gat-gat matany eýlesine-beýlesine öwrüp, ony bölek-büçek edip gidip otyrdy. Hamat guş gyýkyndylaryñ gaýyp düşýän ýerini görjek bolup, oturan ýerinden boýnuny süýndürip horlandy.
– "Wahyñ" näme diýýän, Hamat aga? Ýa entek ýüregiñi bire baglañokmy?
Gaýçy degjegine ýüregi awap, Hamat guş goltugyndaky matany döşüne gysdy.
– "Wahymam", şol özüme diýdigim-dä wah...
– Onda häzir ölçegiñi alyşdyraýyn. Onnoñ ötägit. Indiki hepdäniñ ahyrynda balagyñ taýyn bor. Ýöne ondan bärde gelmegin, ýetişmez, iş kän.
– Ýok! – diýip Hamat guş birdenkä kesgitli seslendi. Onuñ ýylgyrmasy uçup, şübhesi edil akýagyz adamlaryñky ýaly ýüzünde mese-mälim bildirdi. – Men matamy goýup gidip biljek däl!
– O nämüçin? – diýip, işinden az wagtlyk ünsüni sowan biçimçi gaty geñ galyp sorady.
Hamat guş balaklyk matasyny bagryna basyp, gözlerini adatdakysyndan-da beter tegeledi. Onuñ soñky gepi bolsa, biçimçini tasdan aljyradypdy.
– Balagy meñ gözümiñ alnynda biç. Bolmasa, balaklyk matanyñ ujundan sen özüñe hemişe bir papaklyk alyp galýarmyşyñ!
Jüýkburun biçimçi barmaklaryny stoluñ gyrasynda oýnadyp, böwrüni diñşirgendi. Ýeser gülümsiredi.
– Kim saña beý diýdi, Hamat aga? Aýt, eşideli. Ilçilikdir, her hili betguman adam bardyr, kimiñ kimdigini bilip goýan ýagşy...
Hamat guş ýaýdanjyrady. Ýöne aýtmanam goýmady:
– Balşa.
Biçimçi Balşanyñ içýakgyç gözlerini göz öñüne getirdi. Şonda onuñ ýüzi bilniksizden çytylyp gitdi, jüýk burnunyñ ujy has-da ýiteldi.
– Hümm... – edip, ol üýtgeşik gülümsiredi. – Hany getir matañy, señ diýeniñ bolsun. Ýanyñdajyk biçer beräerin...
Onsoñ ol müşderiniñ bilini, bilinden aşaklygyna topugyna deñeç boýuny ölçeşdirdi-de, onuñ matasyny elinden aldy. Eline ýalaw ýaly gaýçysyny alyp, biçimçi matanyñ daşyna geçende, Hamat guş edil öz gulagy kesiljek ýaly, gaşlaryny bürjeşdirip, gözlerini ýumjuklatdy, eginlerini ýygryp, pyşdyla meñzäp, boýnuny içine çekdi. Her gezek şarpyldap gaýçynyñ sesi çykanda, ol tisginip gidýärdi. Biçimçiniñ welin bu zatlar piñine-de däldi, ol edil gözbagçy ýaly öñünde ýatan matany bir eýlesine, bir-de beýlesine öwrüp, gyrkyşdyrmak keýpinden çykdy. Şeýlelikde ol müşderiniñ matasyndan bir balak, artyk galanyndanam satlyk papak biçdi-de, olary biri biriniñ üstünde petdeläpjik goýdy, onsoñ müşderiniñ ýüzüne gözüni gyrpman, dos-dogry seretdi.
– Ine, Hamat aga, şuña-ha biçüw diýerler! Armanyñ galdymy?
– Tañry ýalkasyn! – diýip, biçimçiniñ gözbagçynyñky ýaly hünärini başdan-aýak synlan Hamat guş, megerem, kän ýyllardan bäri ilkinji gezek adamlardan hem özünden göwnühoş bolup tüýs ýürekden ýylgyrdy. Soñra onuñ ýüzüne azajyk gussa aralaşdy, müñkürlik edeninden utananyny bildirip: – Adam pahyr çig süýt emen-dä. Käte gitmesiz adamyñ gepine-de gidäýýär-dä – diýip, uly göwresini kiçeldip, tegelek gözlerini günäkär gyrpyldatdy. – Balşa-da... oturan-turan ýerinde gaýtalap ýör-dä: "Nyýaz biçimçä balak tikdirseñiz ägä boluñ, ujundan bir papaklyk alyp galmasa oñmaz!" – diýip. Aýyplaşmaweri!
– Hiç aýby bolmaz, göwnüñdäkini aýdybermelidir! – biçimçi aladasyz seslendi. – Bu bir giñ dünýä: señ pikiriñe-de ýer bar, meniñkä-de. Aýyplaşmak, meñ-ä walla, dogrymy aýtsam, ýadyma-da düşenok. Adamlañ gybatyna it ýaly öwrenişip gidipdirin.
Biçimçi müşderisini gapa çenli ugratdy. Edil bosagada nämedir birzat ýadyna düşüp, howlukmaç yzyna dolandy-da, soñ gaýdyp gelip, onuñ eline iküç gat şapbat ýaly gyýkyndyk matany tutdurdy.
– Al, ine, matañdan artany, tas ýadymdan çykan ekeni...
– Bulary men nämä ýaradaýyn – Hamat guş alada galdy.
– Bilmedim... – biçimçi-de eginlerini gysdy. – Eger walla bilmedim. Mümkin bular eýle-beýle derdiñize ýarar. Meselem, köwüş süpürersiñiz. Ýogsa-da... indi ýadyma düşdi. Pelteli çyrañyz barmy? Ana, şoñ çüýşesi gurum baglasa, çöpjagazyñ ujuna şujagaz matadan orap, süpürseñiz, gowy bolar. Gurum arassalamaga şundan gowy zady tapmarsyñyz. Ýüñ mata ýagy özüne gowy siñdirgiçdir.
Biçimçiniñ eliñ aýasy ýaly gyýkyndyklary nädip derdiñe ýaradyp boljagyny şeýle ak ýürekden öwredip durşuny görende, Hamat guş utanyp, ýere girip bilmedi. Ýol boýy, tä öýüne gelinçä-de özüne käýindi: "Adam diýeniñ çig süýt emen bolýa-da. Ýeri, bir papaklyk matañ gidende, garyp galaýýamyñ diýsene?! Kişiñ gepine gidip, tasdanam bir halal adamynyñ göwnüne degen ekenim. Menem indi şu ile betgüman bolup ýörmämi goýmaly, mundan hünär bolmaz."
Onsoñ ol indiki gezek balak biçdirende, bir papaklyk matany Nyýaz biçimçä ýörite artykmaç goýup gaýtmagy niýet edinip, öýüniñ bosagasyndan ätledi: gowy adamyñ göwnüne degmekden Hudaýyñ özi saklasyn!..

Awtor: Ak Welsapar
Çeşme: Halkyň Haky Hekaýalar.Apk

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir