Ýüregimde biri bar,
Şonsuz maňa dünýe dar.
Her ýaganda akjak gar,
Ýürek şony ýatlaýar.

Ýarym meniň owadan,
Bezeg berer törüme.
Nesipli gün, toýdan soň,
Ömrün goşar ömrüme.

Gülkisini deňeýän,
Ýazyň lälik gülüne.
Üşän wagtym ýylaýan,
Elim degse eline.

Söýgüsinde ýürekli,
Durmuşymda gerekli,
Terbiýesi ýerlikli,
Almalyja ýaňakly.

Dagyň Perhady deýin,
Çölüň Mejnuny deýin,
Derýaň Tahyry deýin,
Läläm seni söýeýin.

Döwlet diýer derdim sen,
Jan-ten bile söýdüm men,
Sen ugruňda köýdüm men,
Soňky demde ýene sen.

Döwlet Ýazgeldiýew 10.04.2021ý.

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir