Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň,
Göwnüm göwündeşi küýseýär juda.
Köňle käte oklasa-da gaýgy-gam,
Herne ele galam beripdir Huda.

Ýazýan, edil ýazgydymy ýazýan dek,
Serime däl, gursagyma gelenin.
Hereketlem — durmuşymyň ýordumy,
Bu ahwalym alynypdy dilenip.

Ne ýaşlykdan, ne durmuşdan algyly,
Ne ýaşlyga, ne durmuşa bergim bar.
Kalbym ýaly çolarypdyr töwerek,
Goşgulamda görünmeýän görgim bar.

Pikirlerden ýagyr boldy çal beýnim,
Olar bilen döwüş gurýan daňa çen.
Gaý-harasat, tupan turýar dünýämde,
Dostum, biraz düşünsediň maňa sen.

Göwnüme bolmasa, göwnüm garraýar,
Aladadan ýüki ýetik her günüň.
Maňa birazajyk düşünsediňiz,
Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň.


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir