Wagt barada tymsal

Bir gezek Geçmiş,Geljek we Häzir bir ýere ýygnanyp adam üçin olaryň haýsysynyň has möhümdigi barada jedel-çekişmä başlapdyrlar. Geçmiş olara garap:
—Men adam üçin iň esasy zat bolýan ! Adamyny şu wagtky,häzirki durkuna getiren men. Adam diňe mende öwrenen zatlaryny edip bilýär. Adam geçmişde özüne ýakyn bolan adamlary söýýär. Adam geçmişini ýatlanda özüni oňat duýýar. Geçmişde bolan zatlar şol durşuna durar,olardan binjalyk bolar ýaly zat ýok, ýöne ine adam Geljekden mydam binjalyk bolýar,alada edýär.
—Ýoklaý,ýalan sözlemesene—diýip Geljek oňa garşy çykypdyr:— Eger adamyň durmuşy geçmişi ýaly bolsa onda onuň durmuşy gyzyksyz bolardy. Adam üçin esasy Geljek möhüm ! Adamyň geçmişde nähili bolany möhüm däl,adam geljekde özüne gerek zatlary öwrenýär. Adamyň bar pikiri geljekde nähili bolmak,oňa onuň geçmişi şeýlebir binjalyk edip duranok. Adama geçmişdäkiden üýtgeşik adamlar bilen gatnaşyk etmek gyzykly. Adamyň esasy pikiri geljekde kim bolmak, geçmişde kim bolanlygy däl.
Ol ikisi köp wagt dawalaşypdyrlar,olar gyzyp tas urşan ekenler ,emma Häzir olaryň aralaryna düşüpdir:
—Siz bir zada üns bermediňiz öýdýän ýoldaşlar. Adamda Geçmişem,Geljegem diňe onuň pikirlerinde ýaşaýar. Geçmiş—sen indi ýok,Geljek—sen bolsa indi bolmaly. Diňe men bar—Häzirki wagt,adam diňe häzirki wagt bilen ýaşaýar.
**************************
Kemsinme we kemsitme

Bir akyldar öz şägirtlerine şeýle diýip öwreder ekeni:
—Adamlar esasan sizi üç görnüşde kemsidip bilerler. Olar şeýle bolan ýagdaýda size samsyk, gul ýa-da dereksiz adam diýerler. Eger,aýdaly bar siziň bilen şeýle ýagdaý boldy diýeliň,şonda ýönekeý hakykaty ýadyňyza salyň,diňe samsyk başga adama samsyk diýýändir,samsyklygyň içinde bolup ýörensoň.Diňe gul,guly gözleýändir,gulçulygy ýeke çekmek kyn diýip.Dereksiz öz bilmeýän zadyny başga-da bir dereksiz tapyp aklajak bolýandyr.
Şonuň üçin hiç wagt hiç kimden gaty görmäň we özüňiz hem başgany kemsitmäň,eger kemsitseňiz onda özüňiz hem samsyk, dereksiz gul ýaly boldugyňyz bolar.

Rusçadan şahsy terjime

Edebiýat, Barbary tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir