Şeý diýibem çykyp gitdi. Ol bolsa agşamky eşiginde odam ýakman, ýatmaga-da gurbaty çatman, ylla, jansyz ýaly, duran ýerinde doňup galdy. 
Adamsy irden sagat ýedide gaýdyp geldi. Hiç zat tapmandyr. 
Soňra ol polisiýa edarasyna, ýitig barada bildiriş beren gazetleriniň redaksiýalaryna, paýtun duralgalaryna — garaz, umyt baglan ähli ýerlerine baryp gördi. 
Aýaly başlaryna inen aýylganç betbagtçylykdan aýňalyp bilmän, uzynly gün saňsar ýaly bolup garaşdy. 
Luazel agşamara ak tam bolup, duluklary çekilişip geldi, hiç zat bilip bilmändir. 
Ol: 
— Joraňa: «Monjugyň ildirgijini döwdüm-de, bejermäge berdim» diýip ýaz. Şeýdibem, eýdipbeýdip baş alyp çykmaga wagt utarys — diýdi. 
Adamsy näme ýazmalydygyny aýdyp berdi, olam ýazdy. 
Hepdäniň aýagyna olar barja umytlaryndan el üzdüler, onsoň şu arada bäş ýaş garran Luazel: 
— Bu ýitigiň öwezini dolmaly — diýdi. 
Ertesi olar gapagynda gyzylkümüş satýanyň ady ýazylan gutujygy alyp, onuň ýanyna bardylar. Olam kitaplaryny dörüşdirdi-de: 
— Hanym, bu göwher monjuk menden satyn alynmandyr, men diňe gutusyny satypdyryn — diýdi. 
Onsoň, olar ýitiren göwher monjuklarynyň nähilidigini ýatlaşyp, biri-birleri bilen geňeşip, hasratdan hem howsaladan ýaňa çalajan halda, edil şoňa meňzeş monjuklary gözläp, bir gyzyl-kümüş satýançydan beýlekiniň ýanyna gatnap başladylar.
Pale-Roýal köçesiniň dükanlarynyň birinde olar, öz göwünlerine, edil gözläp ýörenlerine meňzeş monjuk tapdylar. Bahasy kyrk müň frankdy. Söwdalaşyp, otuz alty müňe çenli arzanlatdylar. Olar dükançydan monjugy üç günläp satmazlygy haýyş etdiler, onsoňam eger fewral aýynyň ahyryna çenli öňki monjuk tapylaýsa, muny otuz dört müň franka yzyna gaýdyp almaga şert goýdular. 
Luazelde kakasyndan galan on sekiz müň frank bardy. Galanyny karz almagy ýüregine düwdi. Onsoň ol kimden müň frank, başga birinden bäş ýüz, bärden ýüz, aňyrdan elli frank diläp, karz alyp başlady. Dilhatylar berdi, tozduryjy borçnamalary üstüne aldy, süýthorlar, karz berýän adamlar bilen tanyşdy. 
Ol ömri ötinçä elgarama boldy, hatda aşagyndan çykyp biljegine-bilmejegine bakman, dilhatylara gol goýdy. Öňde duran aladalaryň, ýetip gelýän mätäçligiň, maddy horlugyň hem-de ruhy ezýetiň agramyna ýegşerilibem gyzyl-kümüş satýançynyň ýanyna gidip, onuň öňünde otuz alty müňi goýdy. 
Hanym Luazel monjugy hanym Forestýe eltip berende, ol: 
— Muny nämüçin beýle köp sakladyň? Maňa gerek bolmagy mümkindi ahyryn — diýip nägilelik bildirdi. 
Ol hatda gutujygy açmadam. Jorasy bolsa şondan gorkýardy. Monjugyň çalşylanyny aňsa, gör, näme pikir ederdi, näme diýerdi. 
Belki, ony ogry hasaplardy? 
Hanym Luazel garyplaryň elhenç durmuşynyň nähilidigini gördi. Her niçik bolsa-da, ol turuwbaşdan kysmatyna kaýyl boldy. Bu eýmenç bergini üzmelidi. Üzerem. Hyzmatçy bilen hasaplaşdylar, jaýlaryny üçegiň aşagyndaky arzan otaga çalyşdylar. 
Ol öýüň agyr işini, aşhananyň ýüregedüşgünç hysyrdysyny gördi. Gülgün dyrnaklaryny gazanlara, tabaklara döwdürip, gap-çanak ýuwdy. Ýorgan-ýassygyň daşlyklaryny, köýnekleri, el süpürgiçleri ýuwdy, olary ýüpe serdi; her gün irden hapany daşaryk çykardy, her basgançakda demini dürsäp suw çekdi. 
Garamaýak aýallar ýaly geýnip, eli sebetli çörek, et, gök-sök dükanlaryna aýlandy, ujypsyzja serişdesiniň her şaýysyny tygşytlajak bolup, dükançylar bilen sögüşdi. 
Her aýda bir dilhaty boýunça bergiňi bermelidi, käbirini täzelemelidi, üçünji biriniň möhletini uzaldyň diýip ýalbarmalydy. Adamsy bir täjiriň hasap-hesibini ýöredişip, agşamlaryna-da işleýärdi, käte bolsa her sahypasyna bäş su üçin golýazmalary göçürip, gijelerine-de ýatmazdy. 
Şeýle durmuş on ýyllap dowam etdi. On ýylda olar ähli bergilerini üzlüşdiler, ählije zatlary, hatda talaňçylyga salýan göterimden toplanan bergilerinem tölediler. 
Hanym Luazel gaty garrady. Eginleri ýazyldy, hyrsyzlandy, gödekleşdi, pukara maşgalalara meňzäp galdy. Saçlaryny hüžžerdip, ýubkasyny bir tarapa gyşardyp, ellerini gyzardyp gezdi, gaty-gaty gürledi, poluny gyzgyn suw bilen özi ýuwdy. 
Ýöne käte adamsy işde wagty penjiräniň öňünde oturyp, şeýle üstünlik gazanan, özüne maýyl edip aňkardan şol şowhuny, şol agşamy ýatlaýardy. Eger ol monjugy ýitirmedik bolanlygynda näme bolardy? Kim bilýär? Kim bilýär? Äl, bu durmuşyň agyp-dönüp durşuny, ynjykdygyny! Adamy halas etmek ýa-da heläklemek üçin sähelçe zat gerek. 
Bir gezek ýekşenbe güni, tutuş hepdäniň azabyndan dynç almakçy bolup, Ýeliseý seýilgähine gezmelemäge çykanda, çaganyň elinden tutup barýan aýaly gördi. Ol edil öňküsi ýaly ýaş, öňküsi ýaly görmegeý, öňküsi ýaly näzik hanym Forestýedi. 
Hanym Luazel tolgundy. Onuň bilen gürleşmelimi? 
Elbetde! Indi bergilerinden dynansoň, ähli zady gürrüň berse bolar. Näme üçin şeýtmeli dälmiş? 
Ol golaýrak bardy. 
— Salam, Žanna! 
— Hanym… men sizi tanamadym-la… Siz ýalňyşdyňyz öýdýän. 
— Ýok. Men Matilda Luazel. 
Jorasy içini çekdi: 
— Görgüli Matilda, sen nähili üýtgäpsiň! 
— Hawa, ikimiz aýrylyşalymyz bäri men kyn günleri başdan geçirmeli boldum. Agyr mätäçlik çekdim… hemmesem sen zerarly. 
— Men zerarly? Nädip? 
— Ministrlikdäki şowhunda dakynmak üçin maňa beren göwher monjugyň ýadyňa düşýämi? 
— Ýadymda. Ýeri, onsoň? 
— Onsoňy şol — men ony ýitirdim. 
— O nähili?! Sen ony gaýtaryp berdiň-ä. 
— Men başgasyny gaýtaryp berdim, edil şonuň ýalysyny. Tutuş on ýyllabam şonuň üçin eden bergilerimizi berdik. Bize nähili kyn bolandygyna düşünýäňmi berin, biziň hiç zadymyz ýokdy. Indi dyndyk. Meniň begenjimi aýdyp-diýer ýaly däl. 
Hanym Forestýe dikilgazyk bolup doňup galdy. 
— Sen meniňkä derek täze monjuk aldyk diýýäňmi? 
— Hawa. Sen hiç zat aňlamadyňammy? Olar örän meňzeşdiler. 
Şeýle diýibem, buýsançly hem sadaja ýylgyrdy. 
Hanym Forestýe tolgunyp, onuň ellerine ýapyşdy. 
— Wah, görgülijigim Matilda! Meniň göwherlerim ýasamady ahyryn! Olaryň aňry bahasy bäş ýüz frankdy. 

Terjime eden Bäşim ÖDEK.

Çeşme: Kitapcy.com

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir