Adamsy lapykeç bolup, oňa naýynjar garady: 
— Gulak as, Matilda. Soňam geýäýmäge ýaraýjak oňatja, ýönekeýje köýnek näçä düşer öýdýäň? 
Ol boljak çykdajyny hyýalynda hasaplap, onsoňam tygşytly adamsynyň gorkusyndan içini çekip, hiç zat bermän goýmazlygy üçin, näçe soramalydygynyň pikirini edip, biraz dymyp durdy. 
Ahyrsoňy sakynyp jogap gaýtardy: 
— Anyk bilemok, dört ýüz frank maňa ýetermikä diýýän. 
Adamsynyň ýüzi biraz agardy; her ýekşenbede torgaý awlamaga gidýän ýoldaşlary bilen Nanteriň eteklerine tomus awa gitmek üçin tüpeň satyn alaryn diýip edil şonça puly süýşürip goýupdy. 
Her niçik bolsa-da ol: 
— Bolýa. Dört ýüz frank bereýin. Ýöne owadanja, gelşikli köýnek aljak bol. 
Şowhunly agşam golaýlaşýardy, hanym Luazel bolsa janyna jaý tapmaýardy, gaýgylanýardy, ynjalykdan gaçýardy, ýogsam köýnegem eýýäm taýyndy. Bir agşam adamsy oňa: 
— Hany, aýt, saňa näme bolýar? Şu günler seniň bolşuň geň-le — diýdi. 
— Hiç zadymyň, ýekeje-de bezeg şaýymyň, ýekeje-de gaşly zadymyň ýoklugyna gynanýan. Köýnegime gelşik berjek zadym ýok. Men horaşaja görnerin. Iň gowusy agşamlyga gitmezlik. 
Adamsy garşy çykdy: 
— Janly gül dakaý. Gyşyna ol kaşaňam görülýär. On franka bolsa birküç sany örän owadan bägül alsa bolýar. 
Aýaly ýeň bermedi: 
— Ýok, islämok… Baý aýallaryň arasynda gedaý ýaly görünmek öz mertebäňi kemsitmeg-ä. 
Şonda adamsy bir çykalga tapdy: 
— Seniň samsyjakdygyňy! Joraň hanym Forestýeniň ýanyna git-de, şaý-seplerinden bir zat bermegini haýyş et. Şeýderçe ýakyndan gatnaşýaňyz-a. 
Aýaly şatlygyndan gygyryp goýberdi: 
— Dogry! Şeýtmek kelläme-de gelmändir. 
Ol ertesi hanym Forestýeniň ýanyna gidip, hasratyny gürrüň berdi. Olam ýüz görülýän aýnaly şkafyň ýanyna bardy-da, ondan ullakan guty çykaryp getirdi, açdy-da, hanym Luazele: 
— Saýla, ezizim! — diýdi. 
Hanym Luazel ilki bilezikleri, soňra dürleri, soň gaşly ajaýyp wenesian altyn hajyny gördi. Altyn-kümüş şaýlary aýnanyň öňünde özüne deňäp gördi, olary yzyna bermäge dözmän ýaýdandy. Zol-zolam: 
— Başga zadyň ýokmy? — diýip sorady. 
— Elbetde, bar. Gözläber. Men saňa nämäniň ýarajagyny bilemog-a. 
Birdenem oňa gara atlaz gutujykdaky ajaýyp göwher monjuk gabat geldi, şonda huşuny başyndan uçuran höwesinden ýaňa ýüregi gürsüldedi. Ony sandyraýan elleri bilen garbap aldy-da, dikýaka köýneginiň üstünden deňäp gördi, haýran galmakdan ýaňa aýnanyň öňünde doňup galdy. Soňra ýaýdanyp, gorka sorady: 
— Maňa, ine, şuny, diňe şuny berip bilmezmiň? 
— Elbetde, bererin. 
Hanym Luazel jorasynyň boýnuna towusdy, ony mähir bilen ogşady-da, öz hazynasyny alyp ylgap gitdi. 
Şowhun günem ýetip geldi. Hanym Luazel uly üstünlik gazandy. Näzikligi, nepis görmegeýligi, begenmekden serhoş bolan ýaly şadyýanlygy bilen ol hemmelerden owadandy. Ähli erkek kişiler şoňa seredip, kimdigini soraýardylar, özlerine dereje saýyp, onuň bilen tanyşdyrmaklaryny gazanmaga çalyşýardylar. Aýratyn tabşyryklary berjaý edýän gullukçylar diňe şonuň bilen wals oýnamagy höwes edýärdiler. Ol hut ministriňem gözüne ildi. 
Ol şatlykdan ýaňa akyly çaşyp, höwes bilen, hyjuw bilen tans etdi. Öz gözelliginiň ýeňşinden, ýaranjaň öwgülerden lezzet alyp, hiç zadyň pikirini etmän, ylla, bir bagt buludyna çolanan ýaly, şu ähli hormat goýmalardan, öz oýaran ähli hyjuwlaryndan, zenan kalby üçin hemişe ýakymly doly ýeňşiniň dabarasyndan lezzet alyp tans etdi. 
Olar diňe daňdan dörtde gaýtdylar. Adamsy ýarygijeden bäri boş diýen ýaly kiçi otagda aýallary örän şatlanýan üç gullukçynyň ýanynda ymyzganyp otyrdy. 
Ol aýalynyň egnine şowhunly agşamda geýen eşikleri bilen çapraz gelýän, gündelik ulanylýan ýapynjany atdy. Muny duýan aýalynyň, eginlerini gymmat bahaly sütükli derä çolan aýallara görünmezlik üçin, çaltrak gaçasy geldi. 
Ony Luazel saklady: 
— Dursana. Sen daşarda üşärsiň. Men paýtun gözläýin. 
Oňa gulak salman, aýaly basgançakdan aşaklygyna ylgady. Köçede golaý-goltumda paýtun ýokdy, olaram aňyrrakdan geçip barýan paýtunçylaryň gözlegine çykdylar. 
Olar üşäp, indi hiç zada umyt etmän aşak — derýanyň boýuna indiler. Ahyrsoňy olara kenarda, hamana, gündizine pukaralygyndan utanyp, Pariže diňe gijelerine çykýan köneje paýtun gabat geldi. 
Paýtunçy olary Görgüliler köçesindäki jaýlaryna getirdi, olaram seslerini çykarman öýlerine girdiler. Aýal üçin-ä bar zat gutarypdy. Adamsy bolsa, sagat onda ministrlikde bolmalydygynyň pikirini edýärdi. 
Aýaly özüni ähli gözelliginde synlamak üçin ýüz görülýän aýnanyň öňünde ýapynjasyny aýyrdy. Birdenem, çirkin gygyryp goýberdi. 
Boýnunda göwher monjugy ýokdy. 
Adamsy eşiklerini çalşyrynyp durşuna: 
— Saňa näme boldy? — diýip sorady. 
— Maňa… meniň… mende… hanym Forestýeniň göwher monjugy ýitipdir. 
— Näme?! O nähili? Bolup bilmez! — diýip, adamsy aljyrap, ýerinden böküp turdy. 
Olar monjugy köýnegiň, ýapynjanyň gasynlaryndan, jübülerinden, hemme ýerden gözläp başladylar. 
Tapmadylar. 
— Agşamlykdan gaýdanymyzda onuň boýnuňda bardygy ýadyňa düşýämi? 
— Hawa, men ony ministrlikden çykylýan ýerde elläbem gördüm. 
— Eger sen ony köçede gaçyran bolsaň, sesini eşiderdik. Diýmek, ol paýtunda bolmaly. 
— Dogry. Şeýle-de bolmaly. Sen paýtunyň belgisini ýatda sakladyňmy? 
— Ýok. Senem seretmediňmi? 
— Ýok. 
Onsoň olar halys gama batyp, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip, epesli salym durdular. Soňra Luazel geýindi. 
— Gideýin. Pyýada ýörän ýollarymyzyň barysyny geçeýin, gözläýin, monjuk tapylmazmyka? 
Şeý diýibem çykyp gitdi. Ol bolsa agşamky eşiginde odam ýakman, ýatmaga-da gurbaty çatman, ylla, jansyz ýaly, duran ýerinde doňup galdy. 
(dowamy bar)

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir