Şahyr däl,şygyrlar düzerim ýaly,
Göwnüme gelenin galama düzýän.
Ejiz däl namarda egiler ýaly,
Durmaly serimde nyzama durýan.

Ýalançy dünýäde garyba gülmen,
Wadasyz bir kişä wepamy bermen,
Hakykat bar ýerde saklanyp bilmen,
Sebäbi ýalanyň boýnuny burýan.

Kysmatymdyr ondan asla gaçmaryn,
Baýlyk üçin söwdügimden geçmerin,
Namardyň elinden şerap içmerin,
Arkamdan güleniň ýüzüne gülýän.

Atamyň öňünde başym pesdedir,
Enemiň alnynda dilim gysgadyr,
Doganlaň hormaty iki essedir,
Ulylaň ýanynda edebim bilýän.

Döwlet diýer, nesibimde bolany,
Dost saýmaryn her ýüzüme güleni,
Mes topragyň hiç ýolmaryn gülüni,
Her demimde Alla şükürim kylýan.

By:Döwlet Ýazgeldiýew 27.02.2021ý.

Edebiýat, nekrasow tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir