Eger bir gun owrulaysem ak guşa
Ilki bilen señ yanyna giderdim
Öñden bari hic gormedik mahirli
Didaryñdan şonda ganyp bilerdim....

Gorup senin ol mylayym bakyşyñ
Gozlerime yaş dolardy dessine
Gidip serden,yene seni gorjek diyp
Gelip bilsem bolyar öñki essime....

Yupek saclaryñy sypardym shonda
Darardym.Garardym.Tapardym aram
Kalbymdaky bu soyginiñ oduna
Dozup bilman eyyam erardi garam...

Guwanardym yuzun ajap sekline
Yylgyrardym.
Sana gulup bakardym
Doyman serederdim,gara gozuñe,
Mahriñe meymirap erap akardym.

Cekerdim icime yakymly ysyñ,
Yakynlap gulagña kakardym çawuş
"Seni soyyan" diyip nace aytsamam,
Estmezdiñ sen,men o wagt akja gus!

Eger bir gun owrulaysem ak gusha
Ilki bilen señ yanyna giderdim
Öñ duyup gormedik eliñ yylysyn
Belkem,şonda cala duyup bilerdim?!
Awtor:TM.

Edebiýat, TM. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir