Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi, britaniýaly boksçular Entoni Joşua bilen Taýson Fýuri iki duşuşyk geçirmek barada ylalaşyk gazandylar. 31 ýaşyndaky Joşua WBA, IBF hem-de WBO ugurlary boýunça, 32 ýaşly Fýuri bolsa WBC ugrundan çempionlyk guşagyny goramak üçin iki gezek ringe çykarlar. Duşuşyklaryň geçiriljek wagty we ýeri öňümizdäki günlerde kesgitlener. Joşua şu wagta çenli 25 tutluşyk geçirip, 24-sinde ýeňiş gazandy. Diňe 2019-njy ýylyň iýunynda Endi Ruiz Juniordan asgyn gelen Joşua şol ýylyň dekabrynda gaýtadan geçiren duşuşygynda garşydaşyny ýeňipdi. Ol soňky duşuşygyny geçen ýylyň dekabrynda aýynda geçirip, şonda bolgariýaly Kubrat Pulewden üstün çykypdy. Fýuri bolsa şu wagta çenli 31 gezek ringe çykyp, ol şolaryň hemmesinde hem eli ýokary galdyrylan boksçy boldy. 2018-nji ýyldaky amerikaly Deonteý Waýlder bilen geçiren duşuşygy deňlikde gutaran Fýuri iki ýyldan soň, güýçli garşydaşyny ýeňmegi başarypdy.

ceshme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir