Aýlar-ýyllar geçer, bolarsyň eje,
Ýatmany oturyp, gürleşip gije,
Bugün bolsa baryn, çykardy puja,
Jan dostlarym kime derdim aýdaýyn.

21-i ýanwar söýüpdim şony,
1 ýyl 1 aý soňra taşlady meni,
Söýen gyzym erbet söýýädim seni,
Indi men kimlere derdim aýdaýyn.

Sen bir baýyň gyzy, men bir garypdym,
Soňky gezek iki aý ozal görüpdim,
Bir bakamda gülüm seni söýüpdim,
Sensiz indi kime derdim aýdaýyn.

Ara daşdy ýöne şonda-da söýdük,
Aýra düşen günde, her gün bir öldük,
Baý garyba ýar bolmajagny bildik,
Söýen gyzym kime derdim aýdaýyn.

Gijeler gözüme uky gelenok,
Seni söýen Söhbet indi gülenok,
Näme günäm bardy, menä bilemok,
Hany aýdyň, kime derdim aýdaýyn.

Awtory: Söhbet Döwletow.

Edebiýat, ™Serdar™ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir