NÄSAGAM KÄN-DÄ...
Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Çary Berdi atly obadaşymyz melleginden ýygan
üzümini Marynyň gök bazaryna äkitmek üçin kolhozdan ýük maşynyny diläp alypdyr.
Gatnawsyzrak ýol bilen Mara aralaşan batlaryna bulary ýol gözegçileri saklapdyrlar.
Resminamalary düzüw bolsa-da, maşynyň ýüküni gören gözegçi sürüjiden sorapdyr:
-Munça üzümi nirä alyp barýaňyz?
Maşyndan düşüp, gözegçiniň alkymyna dykylyp baran Çary aga:
-Inim, biz Mara gaýdanymyza görä, şu ýerdäki näsag obadaşymyzy hem sorap geçäýeli
diýdik. Eliň boş hassa soramaga baryp bolmaz-a!
-Aý, ýaşuly, siziň üzümleriňiz bir-iki hassa dadyrardan has köple?
Çary agamy, bujagaz sowallara aljyrajak:
-Jan inim, özüň bilýäň-ä, welaýat hassahanasam uly, hassa-da kän. Häli görseň
dadyrmaga-da ýetmez şolara. Hassa adamyň göwnüdir-dä, biri ät galyp, gaýralaýsa, günäsini
kim göterer!?
Yol gözegçisi Çary aganyň gepine ynanmasa-da, tapan deliline ýylgyrypdyr-da, sürüjiniň
resminamalaryny yzyna uzadaýypdyr.


FAŞIST DAGY NÄMEJIK!
Sähetmyrat aga Çäçdepeli umş weteranlarynyň iň soňkusy-dy. Ýaşulynyň uly toýlarynyň
birinde başdan-aýak dik dump hyzmat eden inisi Meret, märeke sowulansoň hyzmat
edenler bilen oturyp, arkaýyn iýip-içipdir. Hezüligiň üstüne-de şer gözläp, toý bozup ýören
Sergeý (çypar sary bolansoň, hiç kim onuň azan adyny tutanok) gelip goşulýar. A z salymdan
serhoş bolmasa-da, birden gahary gelen Meret çagyrylmadyk myhman bilen gyzyl ýumruga
girýär. Sergeýi ugradyp, täzeden iýip-içip başlan batlaryna-da, Sähetmyrat kakasy ganyny
gaçyryp gelýär:
-Haý, ulalyp oňalmadyk, öz toýuňy özüň bozup başladyňmy? Biziň tohumymyzda heniz
myhmana el göteren ýokdur, ile çykmaz ýaly etdiňmi garry agaňy!
Öňki keýp-ä bozulan, indiki işdäsine hem kemsiz sogan dogralan Meret weteran agasyna
sesini gataldypdyr:
-Sähetmyrat kaka, biziň ýaşymyzdakaň, uruş diýip öýüm-iliňi taşlap gitdiň, dört-bäş ýyllap
oba dolanman eliň ýaragly-zatly uruşduň. Heý, saňa ýüzüň üstünde bumuň bar diýdikmi?!
Gaýtam gahryman edip garşyladyk, weteran diýip hormatlap ýörüs. Sen welin ýekeje gezek
Sergeý bilen sene-mene edenimizi hem uly gürrüň edip dursuň.
-Men myhman bilen urşamok, men faşist bilen söweşdim, bedasyl. Sen şoň tapawudyny
bileňokmy?
Köwşüni geýip duran ýerinden Meret halys janygyp gürläpdir:
-Sen, agam Sergeýi tanaňok. Oň ýanynda faşistlerem edil metjide ymam edäýmeli
adamdyrlar. Indem, bir bolmaz iş bolaýs-a, „waý dogan“ diýen ýogyn sesiňi menden al. Şu
günden şeýläk Sergeý bilen aga-ini bolaý sen, men gelip bizar etmerin.
Sähetmyrat aga bu söze çyndan ýylgyryp, gahardan boşanypdyr we dyzmaç inisini
gujaklap, täzeden düşege geçiripdir.

Edebiýat, @durdyyevv05 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir