Doglan gúnimem ýetdi. Rówşeniñ bolsa şol gaharly telefony goýuşyndan soñ habar ýokdy. Okuwdada górmedim. Diñe nizamda górýádim. Ondada ol meñ bilen dáldi. Kursdaş gyzlary bilen gúrleşip, gúlişip bir minut ýóne durmaýardy. Meñ bilen işem ýokdy. Múmkin ol maña gahar edip şeŷdendir, bilmedim ýóne onuñ boluşy, hereketleri meñem gaharymy getirýádi...
Doglan gúnimi kursdaş gyzlar, joralarym bilen geçirmegi ýúregime dúwdim. Irden okuwa gidemde kursdaş gyzlaryma Doglan gúnimi bellejegimi aýtdym. Olar bilen okuwdan soñ óýe geldik. Ejem begenip olary garşy aldy. Saçak ýazyp ústini salatlar, soklar, gôk ônúmler, súýjiler, şokoladlar hem-de tort bilen doldurdyk. Ejem palow bişirdi. Ejemiñ palowyny iýip doýar ýaly dáldi, iýip otyrkañ gulagyñy kesselerem bilmersiñ diýilýánlerdendi. Gyzlar bilen úýşip palow iýdik.
Soñ aýdym açyldy, tansa başlandy. Tans etdik, her kimiñ agzyna óýkindik. Doglan gúni gyzykly geçirip, sowulyp barýarka Daýzamam geldi, gutlady, gujaklady, sowgatjyk berdi. Garaz Doglan gúnim şadyýanja geçdi. Soñ gyzlary ugratmak úçin daşaryk çykdym, eýýám gun batyp agşamlyk bolupdy, gowja garañky gatlyşypdyr. Gyzlar bilen sagbollaşdym soñ oýe tarap ýóráp ugradym. Ýóráp barýarkam biri Leýli diýen ýaly boldy. Men bu nátanyş sese tisginip gitdim. Yzyma ówrúlip seretsem bir oglan dur, ol maña:

- Sen Leýlimi? - diýip sorady.

Men:

- Hawa, sen kim? - diýip geñ galyjylyk bilen sorag berdim.

- Men... neme... Men Serdar.

- Kim Serdar?

- Leýli dur házir hemmesini dúşindireýin.

Men ýúzine seredip añka tañka bolup durdym.

Onuñ náme dúşindirjek bolýanyna garaşdym.

Ol ýuwaşja gúrláp ózúni tanyşdyrmaga başlady:

- Men Serdar. Arada meñ ejem size gelendir Daýzañ bilen. Şu gún Dáýzañ size gidýándigini aýtdy. Onsañ menem bile gaýtdym seni góreýin diýip - diýdi.

- Háá hawa ejeñi górúpdim - diýip gaşymy çytyp biraz gaharlandym. Ol añdymy námemi elindáki sowgadyny berdi. Menem yza şúýşip:

- Sagbol minnetdar, ýóne hókman dáldi - diýdim.

- Alaýda Leýli. Uzak ýaşa. Sóýúp hem sóýúlip ýaşa. - diýeninden men:

- Sagbol - diýip sowgadyny alyp ýóremekçi bolamda ol:

- Leýli birje minut aýak çeksene, haýyş edýán. Kán saklajak dál - diýip meni saklady.

- Ejem gelmeli ýerini ýalñyşmandyr, diýseñ diýmeseñ sen gowja, owadanja gyz. Sen ýaly owadanja gyzyñ hyrydar-a kándir - diýdi.

- Hyrydarym kán bolar ýaly, bazarda satylýan zat dál men. Onsañam Serdar ejeñ geldi hawa ony bilýán, ýóne enták biz jogap beren dáldiris.

- Hawa bilýán. Ýóne ynha şu gún Daýzañ bir zat eder. - diýip gúlimsiredi.

"Şu daýzamam bara iki ýana rol oýnap geçdidá" diýip içimi gúrledip gaharlandym. Ol bolsa:

- Ynha nesip bolsa ikimiz toý etmeli, biz ówrenişmeli biri birimize şol sebápden ertir seni has gowy tanamak úçin seýilgáhe çagyrýan egee gelmeseñ gelip alyp gaçaryn óýúñden - diýip gúldi.

- Bilýáñmi gaty degişgen oglana meñzeýáñ ýóne azajyk duzy kem - diýdim. Ol bolsa diýýámiñem diýenok gaýta uly sesi bilen gúlýá. Oña çenli arka ýúzimden biri gelýán ýaly boldy:

- Hiiih biri gelýá men gideýin - diýip ýórejek bolup yzyma ówrúlsem garañkylykda óñúmde bir eli gúlli, bir eli paketli Rówşen dur. Bilmedim onuñ náçe wagtlap duranyny ýóne ol duran ýerinde doñup galan ýaly gymyldaman durdy.

- Dursana Leýli biz indi haçan górúşeris - diýip Serdar sorady. Men oña jogap berjegem bolmadym. Iki gózúm Rówşendedi. Ol ýekeje zadam diýmedi, gúrlemedi. Seredip durdy-da, elindáki gúli gapdala oklady, elindáki paketem on gapdalyna oklady-da yzyna seretmân gitdi...

Dowamy bar. .

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir