Owganystanyň "Talyban" guramasy geçen ýylyň 29-njy fewralynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde ABŞ bilen gol çeken parahatçylyk şertnamasyna laýyklykda ýurtdaky ähli daşary ýurt güýçleriniň maý aýyna çenli yza çekilmegini isleýändigini mälim etdi.

ABŞ-Talyban parahatçylyk şertnamasynyň ýyl dönümi sebäpli "Talyban" tarapyndan berlen beýanatda "Talybanyň" şertnamanyň şertlerini doly ýerine ýetirýändigi we ABŞ-nyň indi ýerine ýetirilmegine garaşylýandygy mälim edildi.

Ylalaşygyň "taryhy" bolandygy aýdylýan beýannamada galan Talyban tussaglarynyň boşadylmagyny we şu şertnamada görkezilişi ýaly Talyban liderleriniň atlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň gara sanawyndan aýyrmagy haýyş edildi.

Beýanatda ähli daşary ýurt güýçleriniň maý aýyna çenli ýurtdan çykmagy talap edilýändigi we Doha şertnamasynyň ýerine ýetiriljekdigi nygtaldy

Täzelikler, Real.123. tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir