Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramynyň çäklerinde, 25-nji maýda paýtagtymyzda ilkinji dünýä inen çagalaryň maşgalalaryna Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşurylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler.
Türkmen Lideri täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: Tmcars

Täzelikler, muratik tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir