Illeriň gözünden üýtgeşik däldir
Şahyryň gözi.
Edil seňki ýaly Ak, Gara köldür
Şahyryň gözi.

Emma şol Gara, Ak sereden çagy,
Has ýagşy saýgarar garany, agy.
Gözüň aňrysyndan aňşyrar çygy
Şahyryň gözi.

Gözüniň içinden bagry sereder,
Bagrynyň içinden şygry sereder.
Hiç haçan sapajak-supajak etmez –
Görejiň içine dogry sereder
Şahyryň gözi.

Görejiň içinden ýüregňi görer,
Halal, haram iýen çöregňi görer.
Garaz, özi üçin geregni görer
Şahyryň gözi.

Şeýle seretmegi başarmadymy –
Däldir ol
Şahyryň gözi.

Kerim Gurbannepesow

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir