UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň birinji oýunlary düýnki duşuşyklar bilen tamamlandy. Düýnki oýunlarda-da myhmançylykdaky toparlar ýeňiş bilen dolanyp, çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandylar. Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” myhmançylykda “Atalantany” Benžamin Mendiniň 86-njy minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda ýeňmegi başardy. Ýer eýlerinden goragçy Remo Froýleriň 17-nji minutda gyzyl kart alandygyny belläliň.

Gijäniň beýleki oýnunda Germaniýanyň “Borussiýa M” topary bilen çempionlygyň dalaşgärlerinden “Mançester Siti” topary Budapeştde duşuşdy. Iňlis klubunyň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Mançester Siti” 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollary 29-njy minutda Bernardo Silwa bilen 65-nji minutda Gabriel Žesus derwezä girizdi. Çempionlar ligasynda 6 oýundan bäri gol geçirtmän gelýän “Mançester Siti” çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi.

Iki oýnuň hem jogap duşuşyklary 16-njy martda oýnalar.

ceshme: zamanturkmenistan.com

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir