Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlygynda geçirlen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde bäşinji telewideniýe kanaly gurmak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. Berdimuhamedow, pudak ýolbaşçylaryna milli telewideniýäniň 5-nji kanalyny gurmak baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Täze guruljak kanalyň 24 sagadyň dowamynda ýaýlymda bolup, esasy maksady medeni-dynç alyş we medeniýet , aýdym-saz kanaly hökmünde teletomaşaçylaryň hyzmatynda bolar. Täze kanalda aýdym-saz sungatynyň ähli görnüşleri, aýdym klipleri, opera, folklor we klassyky saz eserleri we häzirki zaman estradasy yzgyderli aýdym-saz muşdaklaryna ýetirilip durlar. Şeýle hem Prezident Berdimuhamedow täze sungat zehinlerine goldaw bermek babatynda degişli çäreleri geçirmegiň möhümdigini belläp, telewideniýe we radio üçin ýokary hünärli işgärleri, hususan-da operatorlary taýýarlamagyň meselesine degip geçdi. Döwlet Baştutany häzirki zaman tehnologiýalarynyndan peýdalanmagyň ähmiýetini hem nygtady. www.turkmenpress.com Men pikirimçe bu bir one gidislikmika diyip pikir etyan!Seyle dowam etse turkmen dovletin ahli taraplayyn osushine pugta ynanyp biljek. Lider

Köneler, Lider tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir