Istär elden çyka döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz,
Dilegim duş eýle, gözel allahym!
Ersgin boldy, gitdi gyzylbaşymyz.

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun,
gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn
Bir sufrada eda bolsun aşymyz.

Derwüşler köňli
jem bolsun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup,
tamam bolsun gyşymyz.

Türkmenler, baglasak bir ýere bili,
Gurudars Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili —
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Magtymguly, diýdi janyň dirligne,
Galmalyň biz gyzylbaşyň horlugna,
Rowaç beriň ýomut, gökleň birligne,
Ol Kemalhan Owgan
bolsun başymyz.

Magtymguly

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir