1700-nji ýyllarda Fransiýanyň patyşasy bolan XIV. Louis, bir adama demir maska dakdyryp ölýänçä türmede sakladypdy. Demir maskaly adam gaty gowy goralýardy, hiç kim bilen gürleşdirilenok, ýüzündäki maska hiç çykardylanokdy, hem oňa gowy seredilýärdi. Bu buýruklary beren adam patyşa Louisiň hut özüdi. Ol adam 1669-njy ýylyň soňlarynda tutuldy. Patyşa ol adamyň ýüzüni türmä gelende demir bir maska bilen ýapdyrypdy, we ýüzüniň görülmezligi gaty berk buýrukdy. St. Mars patyşa ýazan bir hatynda Eustache Dauger atly adamyň tutulandygy, hiç kim bilen gürleşdirilmeýändigi we gaty gowy goralýandygyny aýdypdy. Patyşa ony aýry bir ýerde saklatýardy.

Bu adam 1703-nji ýylda öldi, ölende hemme zatlary alyndy, bir meýdana äkidilip ýakyldy we eredildi. Tussagyň tutulýan ýerindäki diwarlaryň hemmesi gyryldy soňam ak reňke boýaldy. Ýeriň kiçijek bölegine çeldi gyrylyp aýrylyp bir zadyň galyp galmandygyny barlandy, iň kiçijek deşige çenli ýapyldy.

Bu adam Fransiýanyň iň wajyp tussagy diýip atlandyrylýardy.

Bu tussag başga tussaglar bilen bir ýere getirilmesi gadagandy we öz başyna aýratyn bir nökeri bardy. Nökere berilen iň esasy buýruk, tussag biri bilen gürleşjek bolanda ony derrew şol ýerde öldürmelidi. Bu zatlaryň hemmesi onuň wajyp bir adamdygyny görkezýär.

Bu adamy türmä äkelen bolsa St. Marsdy. Marguerite adasyndan alyp ony Bastille tussaghanasyna getirendir. St. Mars Pariža gidip barýarka ýolda düşlediler, we «demir maskaly adamy» St. Mars we ýanyndaky 2-3 kişi türmäniň daşynda maskaly gördi. Aýdylmagyna görä uzyn boýly we ak saçlary bardy. Ol adamy gören şaýatlar diňe şulardyr.

Beýle güýçli gowy goralýan, ýüzi hiç kime görkezilmän ýekeje kişi bilen gürleşmesine rugsat berilmeýän demir maskaly adam kim? Aýdylmagyna görä ol adam patyşanyň ogludy, we ýüzi patyşa gaty meňzeýändigi üçin ýüzi maska bilen ýapylypdy. Başga bir meşhur teoriýa görä ol adam patyşanyň özüdi. Ýagny patyşa bolup ýören başga biridi we patyşanyň ýüzüniň görülmezligi üçin demirden maska geýdirilipdi we hiç kim bilen gürleşdirilenokdy. Ýene bir başga çaklamalara görä tutulan adam patyşanyň ekiz jigsidi, we patyşa gaty meňzeýändigi üçin ondan uzak tutulýardy.

Ady ençeme romanlara, hekaýalara, hatda filmlere tema bolan, hakyky bolup geçen bu wakadaky demir maskaly adamyň kimdigi, we näme üçin maska geýdirilendigi intägem belli däl.

Bilim, Black Wolf tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir