“Real Madrid” topary häzirki döwrüň ýaş ýyldyzlary fransiýaly Kilian Mbappe (PSŽ) bilen Erling Holanny (“Borussiýa D”) düzümine goşmakçy bolsa, onda topar azyndan 852 million ýewro möçberinde pul harçlamaly bolar. Bu barada Ispaniýanyň meşhur sport gazetlerinden AS giňişleýin habar berýär. Topar her oýunçyny transfer etmek üçin olaryň klublaryna 150 million ýewro tölemeli bolar. Şondan soň ikisi bilenem 6 ýyllyk şertnama baglaşsa, hüjümçilere her ýyly üçinem bilelikde 142 million ýewro tölär diýlip çaklanylýar. Çaklamalara görä, Mbappe ýyllyk 72, Holann bolsa 20 million ýewro alar. Şeýlelikde, ispan topary Mbappe üçin jemi 582 million ýewrolyk, Holann üçinem 270 million ýewrolyk çykdajy etmeli bolar.



çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir