Angliýanyň çempionatynda soňky çempion “Liwerpulda” pese gaçyşlyk dowam edýär. Geçen möwsümi taryhy rekordlar bilen tamamlan “Liwerpulyň” bu möwsümde bolsa asyrlyk, köp ýyllyk antirekordlary täzeläp başlady. 2021-nji ýyla geçip, yzly-yzyna şowsuz netijeler alan Kloppuň şägirtleri 25-nji tapgyrda ezeli bäsdeşi “Ewertondan” öz meýdançasynda 2-0 asgyn geldi. “Mersisaýd” derbisinde myhmanlara ýeňiş getiren gollary Rişarlison (3) bilen Sigurdsson (83 p) derwezä girizdi. Şeýlelikde, “Liwerpul” 1923-nji ýyldan bäri, ýagny 98 ýyldan soň ilkinji ýola öz meýdançasynda yzly-yzyna 4 oýunda ýeňildi. “Ewerton” topary ezeli bäsdeşini 2010-njy ýyldan soň ýa-da 23 oýundan soň birinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. Şeýle-de, 2 aýdan bäri “Anfield”-de ýeňiş gazanyp bilmeýän “Liwerpul” öz meýdançasynda “Ewertondan” soňky gezek 1999-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda utulypdy.


çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir