Ýapon alymlary bedendäki garran öýjüklerden gutulmagyň ýoluny anyklamagy başardylar. Bu barada evo-rus.com habar berdi.

Tokio uniwersitetiniň Lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň professory Makoto Nakanişiniň pikiriçe, innowasion lukmançylygy adamlary, elbetde, ölmez-ýitmez edip bilmez, ýöne ol köpleri ýyllaryň geçmegi bilen ýüze çykýan kesellerden halas edip biler.
Hünärmenler ýedi ýyl bäri "garry öýjükler" diýilýän zady, ýagny bölünmek ukybyny ýitiren öýjükleri öwrenýärler. Bu öýjükleriň, rak keseliniň öýjükleri ýaly, GLS1 fermentiniň hasabyna ýaşaýandygy ýüze çykaryldy.
Ýapon alymlary garry öýjükleri ýok edip bilýän maddany döretdiler we eýýäm onuň kliniki synaglaryna başladylar. Syçanlarda geçirilen synaglar dermanyň öýkeniň, bagryň we böwrekleriň işini dikeltmekdäki, şeýle hem bedeniň umumy tonusyny ýokarlandyrmakdaky täsirini görkezdi.
Eger-de dermanyň adamlarda ulanmak üçin howpsuzlygy subut edilse, ony 5-10 ýyldan ulanmaga rugsat berler diýip, çeşme belleýär.
Çeşme:Habar 24

Bilim, mertogly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir