Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp telefon alyp berdiler. Allak kakanyň şonda bir begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam oňa gün içinde bir gezegm jaň etýän ýokdy. Onda-da telefonyny ile-güne güjeňläp daşyndan guwanmasy nämä degmeýär. Bir gün welin, şeýle waka boldy. Allak kaka aram-aram telefonyny ýitirip, unytmasy bardy. Onsoň ony tapyp bermek ulylara-da, kiçilere-de iş boldy.
Hernä agtyklaryndan biri bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna ĵaň edilende "Allak kaka, alsana meni" diýen ses ýazgyny goýdy. Şeýdibem ýiten telefonyny gözlemekden, dynaýdylar. Hezil bolaýdy. Allak kaka telefonymy tapanak diýse, derrew başga bir telefondan til kakýaň welin "Allak kaka, alsana meni" diýip, gygyryp dur.
Arman telefonynyň by hezilligi hem uzaga çekmedi. Bir gün ýene-de Allak kakanyň telefony ýitdi we tapylmady.
-Atasy, telefonly daşaryk çykyp, daşarda goýyp gaýdan bolama- diýip, keýwanysy aýtdypdyr.
-Ýok, men daşaryk çykmadym
-Wiý atasy, saba bilen içi gawun paçakly bedräni zibile döküp gaýtdyň ahyryn! Belki telefonyňam...
-Men hapany iň çetki zibile salyp gaýtdym. Telefonymam alyp gitmedim.
-Gel şeýdeli. Sen şol zibiliň ýanyna bar. Şu telefonam alyp gitde ýanyna baraňda jan et. Eger "Allak kaka, alsana meni" diýip gygyrsa şol ýerdedigidir.
Allak kaka keýwanysynyň telefonyny alyp, hatarlanşyp duran zibilleriň ýanyna bardy. Çekine-çekine öz belgisine aýlamaga durdy.
Geň göraýmeli garşysynda duran çelekleň birindenem ses çykmady. Ýöne bir çetde duran çelekden ses gelip başlady. Allak kaka diňşirgendi. Görse "Garly däde, men bärde, Garly däde, men bärde" diýen telefon sesi eştdildi. Allak kaka arkasyna öwrüldi. Geň göräýmeli, özi ýaly biri yzly-yzyna öz telefonyna jaň edip durdy. Allak kaka oýlandy. Başgada özi ýaly bir dertdeşiniň bardygyny görüp ýylgyrdy.

Goçy Annasädow
ýazyjy

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir