Aşyk bolmuşan
Eý ýaranlar, bir ýüzi gül, aýa aşyk bolmuşam,
Barçalar maksady gül ragnaýa aşyk bolmuşam,
Bilbilem bag içre, bir gowgaýa aşyk bolmuşam,
Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam.
Menzilim bag içredir, sähraýa aşyk bolmuşam.

Çün pelek saldy bizi ol gün pena topragyna,
Düşdi seýrim daýyma Mekge, Medine dagyna,
Bilbil oldum saýradym, girdim Eremniň bagyna,
Pany-bent oldum o güýa gam iliniň tussagyna,
Ýüz bela-mähnetli bir söwdaýa aşyk bolmuşam.

Göwräm içre ýar gamydyr, menzilim sährad, heý,
Puşeşim gam-gussadyr, men dönmüşem Perhada, heý,
Saldy yşkyň, dilbera, janu-jigerim oda, heý,
Wadaryga, geçdi ömrüm, zaýa berdim bada, heý,
Ahy köp, efgany köp, bir köýe aşyk bolmuşam.

Bilmenem, ne bahr, ýerdir, bes ne muazzemdagydyr,
Aldy köňlüm, gitdi aklym ten mydam näçagydyr,
Nisbet etmek bolmas any, gumry, bilbil zagydyr,
Aý garaz her zülpüne ýetmiş müň är tussagydyr,
Kaddy-kamaty belent, zybaýa aşyk bolmuşam.

Dost, howaýy waslyňy men munça çenden isterem,
Damy-zülpüň kasdyna özümni zyndan isterem,
Diýme: gamdan bir zaman, köňlümni handan isterem,
Bir garyp aşyk menem, ýar, seni senden isterem,
Gije-gündiz, biliň huw-haýa aşyk bolmuşam.

Istemez ýarym meni, ol ýara zarym ýok meniň,
Galmyşam haýran olup, gaýry mydarym ýok meniň,
Aldy janym yşkyň ody, ygtyýarym ýok meniň,
Gelse, aklym dagydar, gitse, kararym ýok meniň,
Kirpigi ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam.

Aýdadyr Magtymguly, men anda käne ugradym,
Seýil edip bardym pelekden, lamekana ugradym,
Çün meni ryswa kylypdyr, yşky käne ugradym,
Ýetmiş iki şäher ile müň bir dükana ugradym,
Şunça sergezdan sepilu-zaýa aşyk bolmuşam...

Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir