“Borussiýa M” toparynyň tälimçisi Marko Rouz “Bundesliganyň” başga bir topary “Borussiýa D” toparynyň tälimçisi bolar. Bu barada Mönhengladbah şäheriniň wekiliniň resmi saýtynda habar berilýär. 44 ýaşyndaky Marko Rouz möwsümiň ahyrynda “Borussiýa Dortmund” toparynyň tälimçisi wezipesine bellener. “Borussiýa M” toparynyň sport direktory Maks Eberl: “Gynansagam, Marko Rouz şertnamasyndaky bir madda esaslanyp, “Borussiýa Dortmund” toparynyň tälimçisi bolmagy saýlady” diýip, çykyş etdi. “Borussiýa M” bilen “Borussiýa D” toparlary mart aýynda Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşarlar.


çeşme: zamanturkmenistan

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir