Häzirki wagtda dünýäde tehnologiýa döwri batly gadamlar bilen öňe barýar. Şu döwürde internet tory esasy görkeziji bolup çykyş edýär. Türkmenistanda hem internet hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany yzygiderli köpelýär.

Golaýda, Internetiň hyzmatlarynyň bahalary arzanladyldy. Bu hem internet ulanyjylaryň sanynyň has-da köpelmegine getirer. Ýurdumyzda internet hyzmatlaryny «Türkmentelekom» we “AŞTU” edaralary ýerine ýetirýärler.

“Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy ulanýan internetimiziň tizligini barlamak mümkinçiligini berýär. Siz bu edaranyň “https://telecom.tm” saýtyna girip, degişli bölümiň üsti bilen ýa-da aşakda berlen linke girmek bilen öz ulanýan internetiňiziň häzirki wagtdaky tizligini barlap bilersiňiz.

Internet tizligini barlamak üçin şu linke giriň.

http://onlinetm.speedtestcustom.com/




çeşme: atavatan-turkmenistan

Tehnologiýa, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir