Fransiýanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Noel Le Gre “L’Equipe” gazeti bilen söhbetdeşlikde Zinedin Zidany Fransiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine esasy dalaşgär hökmünde göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu barada glas.ru habar berýär.

“Zidan bilen gatnaşyklarymyz gowy. Eger-de Deşam milli ýygyndydaky wezipesinden gitse, men hem Fransiýada futboly dolandyrmagymy dowam etdirsem, Zidan milli ýygyndy toparyna ilkinji çagyrjak adamym bolar” – diýip, Noel Le Gre aýtdy.

“Real” futbol klubunyň baş tälimçisi Zinedin Zidan Fransiýanyň futbol federasiýasynyň prezidentiniň sözlerine teswir berip, häzirki wagtda esasy ünsüni Madrid klubundaky işine gönükdirýändigini aýtdy.

“Göreliň, häzirki wagtda meniň bar ünsüm “Realdaky” işimde jemlenýär. Men “Realyň” tälimçisi, klub bilen geçen her bir günüm maňa ýaraýar. Ýöne geljekde näme boljagyny hiç haçan bilmeýärsiň. Men hemişe ýygyndy toparyň esasy görkezijidigini aýdardym, ýöne häzir men bu ýerde” – diýip, Zidan aýtdy.

2019-njy ýyldan bäri Zidan Madridiň “Realynda” zähmet çekýär. Ol 2016-2018-nji ýyllarda hem bu kluby türgenleşdiripdi. Zidan klub bilen iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy we üç gezek Çempionlar ligasyny utdy.
Deşam Fransiýanyň milli ýygyndysyna 2012-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda ýygyndy 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy, 2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň finalyna çykdy.




çeşme: tmcars

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir