Valentin gününe...

Valentin gününi inkär edýän men,
Diýeliň bu güni "Ýalňyzlar güni".
Nämä gerek söýüşýänlere baýram,
Olaryň duşuşan her güni baýram.

Valentin gününden söýgi garaşmaň,
Gaýybana gutlag hata garaşmaň.
Ýazjak adam gün saýlaman ýazardy,
Söýjek adam ondan öňem söýerdi.

Goý bolsun hut şu gün ýalňyzlar güni,
Magrur olar tamakin däl gutlaga.
Ýalňyz diýse dymam ýalňyzdäldir ol,
Söýgülsi ýokdur onuň, bar bolany şol.

Valentina bolsun, başkasy bolsun,
Wajyby söýgüňiz ýürekden bolsun.
Manysyz bolmasyn bu goşgym ýaly,
Mert bol söýgä, laýyk bolaryň ýaly.

mrokas
14.02.2021

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir