Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar Kolyma raýonynda ýaşaýan ownuk taýpa - ýukagirleriň durmuşyna has bolan, rewolýusiýadan öň bolup geçen üýtgeşik idegrafik ýazuw sistemasynyň üstünden baryp, onuň syrly beýanyny açypdyrlar.

... Köp ýyl mundan öň goýun göz, uzyn gara saçly ýaşajyk ýukagir gyzy söýýän ýigidine hat ýazýar. Ol üns bilen howlukman çyzyk yzyna çyzyk çekip, kä «Ah» urup oturşyna öz edýän işinden özi lezzet alypdyr. Elbetde, bu ýadigärlik ýazuwynyň bir gün alymlaryň eline düşüp, iň bir gymmatly zada öwrüler öýdüp, ol hat-da hyýalyna-da getirmedik bolsa gerek. Pyçak bilen oýulyp, nähilidir bir hili düşünip bolmaýan oklar, çyzyklar, kwadratlar şekillendirilen deri bölegi aradan ençeme ýyllar geçse-de gowy saklanyp galypdyr. Oňa ýüzleý sereden adamlaryň, ýöne bikärlikden çekilen nagyşdyr öýdüp pikir etmekleri-de ähtimaldan daşda däl. Emma, onuň özüne mahsus bolan nämälim bir manyny aňladýan hatdygy baradaky guman alymlaryň ünsüni özüne çekýär.

Bilim, nailstone tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir