Şöhratyň almasyÝaş ýigit elinde gyrmyzy, ter almany saklap durdy.
-Ony iý! -diýip, Ruh aýtdy.
-Ol durmuşyň almasydyr.
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn.
Maňa şöhrat, baýlyk gazanmak gerek.
-Onda ýör, gideli, yzyma düş. Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin -diýip, Ruh aýtdy.
Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar. Çarkandakly dag ýodalarynda ýokaryk galmak olara ýeňildüşmedi. Emma olar ýuwaş-ýuwaşdan öňe sary ädimläp barýardylar. Ýakyp-ýandyryp barýan Günem, öl-myžžyk eden ýagyş-da onuň maksadyna ýetmegine böwet bolup bilmedi. Şol gidip baryşlaryna ýigit wagtyň nähili geçenini-de bilmedi. Olar baryljak ýere ýetýänçäler ýigidiň saçlary çalardy, gollarynyň güýji gaçdy. Ahyrsoňy bir belentlige ýetdiler.
-Ine, gelmeli ýerimize-de gelip ýetdik -diýip, Ruh dillendi.
Birwagtky ýigit kanagatlanma bilen uludan dem aldy:
-Hany onda maňa şöhratyň almasyny ber-dä.
Ruh oňa togalak, gyrmyzy, ajaýyp almany uzatdy. Saçy çalaran birwagtky ýigit almany höwes bilen eline alyp, oňa işdämenlik bilen agyz urdy. Haçan-da almanyň içiniň çüýrükdigine göz ýetirende ol soragly nazaryny Ruha dikdi:
-Bu näme?
-Sen geňirgenme. Sen ony şol wagt iýmelidiň. Her zat öz wagtynda ýagşy -diýip, ol jogap berdi.

kitaphana.net

Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir