"Barselonanyň" kapitany Lionel Messi “France Football” žurnalynyň täze sanynyň daşky sahypasynda "Pari Sen-Žermen" klubunyň eşiginde peýda boldy. Bu barada nevasport.ru habar berdi.

Ozal köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Lionel Messiniň "Barselona" bilen baglaşan şertnamasynyň maliýe taraplary barada maglumatlar ýaýrapdy. Argentinaly ýyldyz oýunçy gizlinlik ýörelgesiniň bozulmagyndan nägile bolup, katalon klubundan çykmak kararyna geldi. Oňa häzirki wagtda, esasan, Fransiýadan "Pari Sen-Žermen", şeýle hem Angliýadan "Mançester Siti" klublarynyň gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär.
Ýatlap geçsek, Messiniň "Barselona" bilen häzirki şertnamasy 2021-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanýar. FIFA-nyň düzgünlerine görä, Messi şertnamanyň gutarmazyndan alty aý öň beýleki klublar bilen resmi gepleşikleri geçirip biler.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir