Nurmagomedow professional futbolçy bolup, "Realyň" düzüminde oýnamak isleýär
UFC-de çykyş eden garyşyk söweş sungatynyň russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow futbolçy bolmak isleýändigini we professional toparyň düzüminde, iň bolmanda, 15 minutlyk futbol meýdançasyna çykmagy arzuw edýändigini aýtdy, diýip sport.sm.news habar berdi.

Nurmagomedow futbolyň sportuň ähli görnüşleriniň naýbaşysydygyny düşündirdi. "Match TV"-niň ýaýlymynda söweşiji haýsy klubda oýnamak isleýändigini aýtdy.

“Haýsy klubda oýnamaly? "Spartak" - bu ýerli dereje. Ýöne çynlakaý bir ýerde oýnamak teklip ediläýse, arzuwlar kluby - bu Madridiň "Realydyr"-diýip, Nurmagomedow gürrüň berdi.

Şeýle hem, ol 1998-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň finalyny görendigini aýtdy. Onda “Real” we “Ýuwentus” ýeňiş üçin göreşipdiler.
Habib Nurmagomedow häzirki wagtda UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony bolup durýar. Ol özüniň karýerasynda 29 ýeňiş gazandy we ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir