Garyşyk söweş sungatynyň türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow Bellatordaky ilkinji söweşini amerikaly Kori Andersona garşy geçirer. Bu tutluşyk 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Bellator 256 ýaryşynyň çäginde bolar diýip, MMA Junkie habar berýär.

Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Döwletjan Ýagşymyradow (18-5) 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator promouşeni bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnamada iki söweş göz öňünde tutulypdy.
Döwletjan özüniň soňky söweşini 2019-njy ýylyň dekabrynda ACA ligasynda geçirip, eminleriň karary bilen russiýaly Alekseý Butorini ýeňdi we ikinji gezek çempionlyk adyny gorady. Ildeşimiziň bassyr sekiz gezek bäri yzly-yzyna ýeňiş gazanyp gelýändigini bellemek gerek.
Döwletjanyň Bellatordaky ilkinji garşydaşy 31 ýaşly Kori Anderson 2013-nji ýyldan bäri professional derejede çykyş edip gelýär. Ol, esasanam, UFC-däki çykyşlary bilen, şeýle hem The Ultimate Fighter realiti-şounyň 19-njy möwsüminiň ýeňijisidigi bilen tanalýar.

Sport, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir