NAHAL
Şu gün mekdepde
Ir säher çagy.
Synpdaşlam bilen
Oturtdyk bagy.

Öwdüler kemsiz,
Mugallym bary.
At dakdyk oňa
«Okuwçy bagy».

Tebigat görkün
Artdyrýar has-da.
Baglaň saýasynda
Howa arassa.

Kiçi synplar hem
Alýar görelde.
Ertesi bir-birden,
Nahal her elde.

Ine, şondan soň,
«Okuwçy bagyn»
Her nesil ösdürýär,
Alyp sogabyn.

Uzukjemal ATAÝEWA,
Köneürgenç şäherindäki 1-nji orta mekdebiň okuwçysy.
"Güneş" ž. 09.2020

Edebiýat, Jupiter_Fire tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir