Däliden gelýän hatlar. (3-nji hat)
Men däli hana baryp gaýdamsoň aradan 2 hepde geçip-geçmäkä meň öýüme ýene bir hat geldi: Salam Plany Planyýew. Men siziň baryp gaýdan dälihanaňyzyň ýolbaşçysy. Siz meň ýanyma gelip, size biziň dälihanamyzdan gelýän hatlar barada binjalyk boldyňyz. Elbetde men sizi şonda aldamaly boldym. Hakykatda men dalihanaň adyndan gidýän hatlardan habarym bar. Ol hatlar diňe size däl eýsem dälihanaň işgärlerne we şol sanda maňada gelýär. Siz dogry düşiner ýaly men size bar zady yzgider aýdyp bereýin. Men entek orta ýaşly döwürlem siziň gören dälihanaňyzyň baş lukmanydym. Şol wagyt bize täze näsagy getirdiler. Geň ýeri ol entek ýaş oglandy we hiç kim bilen gürleşenokdy. Biziň dälihanamyzyň üýtgeşik ýeri, aňyňa täsir edýän täze derman serişdeleri näsaglarda barlap görýärdik, elbetde hökümediň talaby, gitjek ýeri ýok. Şol täze gelen oglanjykda derman serişdeleri barlamyzda ol gaty erbet kelle agyrlardan kösenýädi we gijelerne ýatyp bilenokdy. Şeýdip ol oglanjyk 4 ýyldan soň öldi. Ol oglanyň ölenine 40 gün geçensoň dälihanaň işgärleri her hili hatlar alyp ugradylar. Ol hatlaryň ugradylan adresi siziň baryp gaýdan dälihanaňyz. Şol ölen oglanjyga degişli bolan, azar beren ýa-da kömek eden adamlaň bary dälihanaň adyndan dürli hatlar alyp ugradylar. Hat şeýle sözler bilen gutarýar. Mende hiç hili söz galmady. Elbetde men tazeden ol dälihana baryp gaýtmagy we ol ýeriň ýolbaşçysy bilen gürleşmegi ýüregime düwdim... ✨DOWAMY BAR.✨

Edebiýat, Nowcha90 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir