Biz — ulular, aýdaly, bu kitap çaga üçin öte kyn ýa-da çaga klassyky saza mynasyp baha berip bilmez diýip beletlik bilen aýdyp goýberýäris. Ýöne welin nämä esaslanyp beýle netije çykarýarys?

Nämämiň «kyndygy» ýa-da «aňsatdygy» barada berk kök uran düşünjesi bolmadyk çaga üçin — iňlis ýa-da ýapon dili, Bahyň sazlary ýa-da çagalar üçin aýdymlar, birmeňzeş owazly, birmeňzeş sazlar ýa-da owazlaryň sazlaşygy –hemmesi çaga üçin şol bir wagtda başlanmaly, onuň üçin ähli zat birmeňzeş derejede täze.

Duýgulara esaslanyp gelnen netije bilimlere bagly bolmaýar, tersine, bilim duýgular üçin päsgelçilik bolup biler. Meşhur kartinany synlap, köp kişi öz ýanyndan: «Ajaýyp!» diýen bolsa gerek. Hakykatda welin ol asla siziň kalbyňyzy gozgan hem däldir, siziň üçin onuň gymmatlygy — suratkeşiň ady hem-de eseriň bahasy bilen baglydyr. Çaga welin elmydama dogruçyl bolýar. Eger özi üçin gyzykly bolsa, haýsyry bir zat ýa-da nähilidir bir iş onuň ünsüni dolulygyna özüne çekýär.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir