Adam kitaby näçe köp okasa, gözýetimi-de şonça giň bolýar. Düşünjesi giň adama bolsa, ýaşaýan durmuşyna akyl ýetirmek kän kyn düşmeýär, durmuşda gabat gelýän her hili wakalardan, hadysalardan oňat baş alyp çykýar, olardan az zelel görýär. Şeýlelikde, has-da manyly ömür sürýär. Bir pelsepeçi pedagogyň (mugallymyň) 90-ýaş ýubileý toýunda bir žurnalist oňa şeýle sowal beripdir: “Okan munça kitabyňyzyň size nähili peýdasy degdi?” Mugallym: “Daglara dyrmaşmagyma kömek edýär”diýip, ylmynyň, dünýägaraýyşynyň ösendigini ýaňzydypdyr. Bu jogaba düşünmedik žurnalist: “Daglara dyrmaşmagamy? Oňa nähili peýdasy degýär?” diýende, pelsepeçi mugallym şu jogaby beripdir: “Dyrmaşmak isleýän beýleki belentlikleriňizi görmek üçin daglara çykmak gerek”.

Şuny-da unutmalyň, ýagny haýsy ýurtda kitap köp satylýan bolsa we köp okalýan bolsa, hiç şübhesiz, ol ýurtdaky adamlaryň biri-biri bilen gatnaşygy, özara ylalaşyklylygy has-da güýçli bolar. “Kitap hiç hili gürrüldisiz işläp oturan fabrikadyr. Pikiri we pikirlenýäni sessiz-üýnsüz, beýik derejelere çykarar we tanadar. Şol bir wagtyň özünde kitap aragatnaşyk serişdesidir. Lokomotiwleriň gürrüldisi ýaly, ýa-da bolmasa awtoulaglaryňky ýaly ses çykarman, düýn bilen ertiri bir-birine baglar. Pikiri ýaýradar, adamlary sessiz çekeleşikleriň üsti bilen belli, aýdyň basgançaklara alyp gider. Kitap ajaýyp, gözel, dogry zatlary gözleýän garaýyşlaryň örän giňişleýin keşbidir. Ol jemgyýetiň pikirlerini dar, çarçuwaly düşünjelerden halas eder, her bir öýe, her bir otaga, kitap tekjelerine, ýorgan-düşegiň başujyna çenli pikirlerini ýaýradar. Esasan-da halk köpçüliginiň ylma we kitaba, kitabyň, ylmyň bolsa halk köpçüligine täsir edip bilmegi, adamlaryň gündelik durmuşynda kitap bilen eriş-argaç bolup ýaşamagy, jebisleşmegi bilen mümkindir”.

Okap-öwrenmegiň adamyň özüni has gowy alyp barmagyna ýardam edýändigini-de bellemek gerek. Alymlaryň biri: “Eger bir millet sowatsyzlygy zerarly öz hukugyny bilmeýän bolsa, onda adalatly dolandyryjylar hem garamagyndakylara diýdimzorluk bilen zulum ederler” diýip, bu hakykata ünsi çekipdir. Ýagny, sowatsyzlygyň netijesinde eýe bolan haklaryny bilmese, iň gowy ýolbaşçylaram bikanun işlere ýüz urup biler. Hawa, iň kiçi edaralaryň düzgünlerinden başlap, döwlet meýilnamalaryna çenli her bir adam özüne degişli hak-hukuklaryny okap-öwrenmelidir.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir