«Walt Disney Pictures» kinostudiýasynyň 31-nji multfilmi bolan «Aladdin» 1992-nji ýylda köpçülige hödürlenildi. Bu multfilm «Müň bir gije» kitabynyň Aladdin baradaky ertekisi esasynda surata düşürilipdir. «Aladdin» multfilmindäki wakalar ilkibaşda Bagdat şäherinde bolup geçmeli eken. Emma şol döwürler Bagdatda käbir syýasy meseleleriň ýüze çykmagy muňa päsgel beripdir. Şonuň üçin hem režissýorlar wakalary Agraba şäherinde bolup geçýän ýaly surata düşürmeli diýen netijä gelipdirler. Multfilmiň başdaky nusgalarynda režissýorlar Aladdini 13 ýaşly ýetginjek hökmünde suratlandyrmak isläpdirler. Soňra ony 18 ýaşly görmegeý ýigidiň keşbine girizmegi makul bilipdirler. Aladdiniň animasiýasy bilen meşgullanan animator Glen Kin onuň daşky keşbini meşhur kinoaktýory Tom Kruzyňka meňzedipdir. Multfilmiň baş gahrymanlarynyň ýene biri gülkünç, wäşi hemde özüneçekiji, gök reňkli jyndyr. Ol jadyly çyranyň içinde ýaşap, hojaýynynyň ähli isleglerini ýerine ýetirmäge borçlanýar. Bu gahrymana ses bermek üçin režissýorlar birnäçe wäşileri synag edip görüpdirler. Şolaryň arasynda iň gowusy hökmünde meşhur Robert Uilýamsy saýlapdyrlar. Robert Uilýams jyna ses berende ssenariýada ýazylan sözleri okamagyň ýerine özüçe ses berýän eken. Mundan başga-da, multfilmde şagyzy Jasmin, onuň kakasy soltan, zalym wezir Jafar, Aladdiniň maýmynjygy Abu, Jafaryň totuguşy Ýago hem-de Jasminiň gaplaňy Raja ýaly gahrymanlar hem bar. Olaryň keşbini döretmekde animatorlar hakyky tanymal aktýorlaryň we aktrisalaryň daşky keşbine salgylanypdyrlar. Bu multfilm «Oskar» hem-de
«Gremmi» baýraklaryna mynasyp bolup, ol häzirki wagta çenli çagalaryň hem-de ulularyň iň söýgüli multfilmleriniň biri hasaplanylýar.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir