Bu gysgaça makala 32 yildan bari mail ulanyp yören adamyn yazan maslahatlary. İlkinji we esasy maslahat: Gaharly wagtynyz mail yazmakdan gaça durun. Sebabi gaharyndan sowaşanson hemişe puşman bolarsynyz. Aşakdaky maslahatlara bolsa yakin dostunuz bolmadyk biri bilen mailleşeninizde üns berin. Mailde hiç haçan sarkazm etman. Sebabi mailde ses tonunuz yok, şol sebapli mailinizi okayan adam yazan zatlarynyzyn sarkazmdygyny bilman biler. Gündelik durmuşda bolsa sesinizin tonundan yüzünüzdaki hereketlerden düşünmek mümkin, yöne malide beyle dal. Tazeden yalniş düşünenlerin göwnüni almaly bolarsynyz. Gaty nazik bolun. Muny mailde başarmak gaty ansat, sebabi ses tonunuz we yüz hereketleriniz yok. Gündelik durmuşda beyle nazik bolmak kyn bolsa-da mailde gaty ansatdyr. "Reply"(Jogap yaz) bilen "Reply All"(Hemma jogap yaz) arasyndaky tapawudy gowy bilin. Size haysi gerek bolsa üns berip şony saylan. Dogry adama goyberyanliginizi gayta gayta gözden geçirin. Sebabi awtomatik usulda adresleri çykaryan (autocomplete) mail hyzmatlary kamahal yalnişliga sebap bolmagy ahmal. (Mysal üçin gmail) Kabir adamlaryn şahsy we şereket mail adresleri bolyar. Şahsy maillerinizi şahsy adresine goyberin. Adamlaryn şahsy mail adreslerini hiç kime berman. Sebabi köplenç kabir kişiler muny halamayarlar. Bu sebapli şahyslardan rugsat alyançanyz olaryn email adreslerini gizlin maglumat hökmünde saklan. Haçanda köpçülüge mail goybereninizde özünüzi hem arasyna goşun we beyleki adamlary hem BCC-e goşun. Muny etseniz mail alan kişi beyleki kişilerin email adreslerini görüp bilmez. Şeylelikde gizlin maglumaty yayratmadygynyz bolar. Mailin mowzuk bölümini arassa we düşünükli edip yazin. Eger jogap yazyan bolsanyz mowzugy üytgetman, hat-da "Re:" goşulmasyna hem degman, sebabi mail hyzmatlary bir mowzuga degişli mailleri gruppalayar we okyjylaryn hem düşünmegine kömek edyar. Öz dostlarynyz bilen mailleşyan bolsanyz arassa mowzuk setirleri olary yilgirdar we şadiyanlyga sebap bolar. Size gelen gyzykly mailleri pozman, olary saklan. Sebabi bir gün şol şahys bilen ya-da başga biri bilen mailleşeninde çeşme edip görmezmek üçin gaty ideal. Maillerinizi öz kompyuterinizde saklan. Internet serverda durmagy sizin gizlin maglumatlarynyzyn riskde durmagydyr. Men Google naçe halasam-da, olara ynansam-da belki geljekde olar politikasyny üytgetmeklikleri ahmal, sonra giç bolar. Gaty gizlin maillerinizi şifrlan. Gynansakda gaty ansat ulanyp boljak standard entak yok. Men Axantumyn AxCrypt programmasyny uılanyan, yöne bu dine Windows üçin. Başga-da bir topar bar. Elbetde maili goyberyan kişiniz hem bu programmany gurmaly bolyar. Şifrlaninizde parola ulanylyar, parolalarynyzy howpsuzlygynyz üçin uzyn edin.

Köneler, shahyr tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir