Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! mowzuk boýunça peýdaly bir rowaýat ýadyma düşdi, men hem täze mowzuk açyp, siziň bn paýlaşaýyn diýdim: Bir wagtlar bir ülkäniň padyşasy düýş görüpdir. Düýşünde dişleriniň birinden başga ählisiniň düşenini görüpdir. Şol ýekeje dişiniň hem özüdigine göz ýetiripdir. Ýorgudy üçin bir alymy çagyrdypdyr. Ol alym padyşaha:"Siziň ähli dogan-garyndaşlaryňyz wepat eder, bir siz galarsyňyz!" diýipdir. Padyşa muňa gaharlanyp, ol alymy öldürdipdir. Başga bir alymy ýorgut üçin çagyrdypdyr. Beýleki alym bolsa:"Siz ähli dogan-garyndaşlaryňyzyň içinde iň uzak wagtlap ýaşany bolarsyňyz!" diýipdir. Begenen padyşa ol alyma serpaý berip, yzyna iberipdir. Ynha, görşüňiz ýaly, her bir işde, meselem, işde, okuwda, özüňi alyp baryşyňda, maşgala dolandyrmakda we ş.m. oňat uslybyň (metod, usul) ähmiýeti ýüze çykýar. Bu babatda siziň pikirleriňiz nähili?! Haýsydyr bir işde işleýän, okuwda okaýan bolsaňyz, yzarlaýan uslybyňyz barmy?! Garaz, uslyp barada sizem bilýänleriňizi şu ýerde paýlaşaýsaňyz! Sag boluň!

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir