Uzak gije diňmediň, asman,
Ýa ýüregimiň hasratyny duýduñmy?
Dözmediñmi gözlerimiñ ýaşyna,
Ýa-da senem meniñ ýaly söýdüñmi?!

Gözýaşyña jadyly yşk sebäpmi,
Sebäpmi ol gözi ýaşly ynsana.
Munda jümle-jahan teşnekà söýgä,
Bu edeniñ sygjak zatmy ynsaba.

Eý, ýyldyzly umman, ýa-da seniñde
Söýgiñ gara şaya degmedik borly.
Belki, senem tutuş gije men ýaly,
Yşka düşüp, aglap diñmedik borly.

Senden bir haýyştym, gözyaşly asman,
Ez sen ýaryñ egnindäki köýnegin.
Ol şonda belki-de, duýmagy ahmal,
Niçik ezýetdigin yşkdan köýmegiñ.

Läläm, diñe söýgim galdy terligine,
Sowulupdyr ömrümüziñ bossany,
Hol birçakky gara saçym çalardyp,
Ýyllar goýup gitdi maña gussany.

Howwa olar alyp gitdi şatlygym,
Agraslygym galdy ýylgyrma derek.
Men sende görýärin bu gün şatlygym,
Belki-de garrasa garrandyr ýürek.

Öňkim deýin arzuwlamam uly däl,
Ownuk arzuwlam bar arka atarlyk,
Ýok, men asla hyyallaryñ guly däl,
Bu günki hakykat maña ýeterlik.

Aýralyk ykbala ýazylandyr belki,
Bakma läläm ýüregmiziñ birligine,
Men öňki özim däl men indi başga,
Diňe söýgim galdy saňa terligine...

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir