Durmuşda her kim üstünlige ýetmäge ymtylýar. Üstünlik – bu ýetilmek islenýän zat näme? Üstünlik näme? Geliň, bu sözüň asyl manysyny derňäliň.

«Üstünlik» sözi «üstün», «üst» sözleri bilen baglanyşykly bolup, iki pälwan biri-biri bilen göreşende, biriniň beýlekini ýykyp, üstüne çykmagydyr. Has düşnükli aýdanymyzda, bir pälwanyň beýleki pälwandan üstün çykmagydyr.

Söze başlamazymyzdan öň, üstünligiň näme üçin gerekdigini kesgitläliň. Üstünlik näme üçin gerek? Bu soraga her kim özüçe jogap berip biler, ýöne ylmy nukdaýnazardan seretsek, üstünlik aýak aşagynda galmazlyk, has dogrusy astda galmazlykdyr.

Üstünlik bir pälwanyň üstün çykmagy bolsa, oňa nädip ýetip bolar? Dogry sorag. Geliň, bu soraga dogry jogap bermäge synanyşalyň: Haçan-da sen özüňi ýykmak isleýän pälwan bilen göreşip, ony ýykmagy başaran ýagdaýyňda, sen üstünlige ýetýärsiň.

Eger garşyňdaky pälwany ýykyp üstünlige ýetip bolýan bolsa, onda biziň göreşmeli pälwanlarymyz kim?! Olary daşdan gözlemek gerek däl, olar elmydama biziň ýanymyzda. Biperwaýlyk, ýaltaçylyk we gorkaklyk ýaly häsiýetler islendik pälwan sypatly adamyny agdarmak üçin gapdalymyzda gaýşaryp dur.

Şol ýaramaz häsiýetleriň astynda galmazlyk üçin üstünlige ýetmegiň ýörelgeleri bilen tanyş bolalyň.

Birinji ýörelge: Maksat tutmak

«Myrat tapsyn, maksat tutan»
Gurbannazar Ezizow

Adamyň bir işi, arzuwyny amala aşyrmak üçin edýän niýetine maksat diýilýär. Maksat adam durmuşy üçin ýangyç bolup hyzmat edýär. Ulaglaryň ýangyçsyz ýöräp bilmeýşi ýaly, adam hem maksatsyz ýaşap bilmez. Ýöne ýangyjyň hem görnüşleriniň bolşy ýaly, maksadyň hem görnüşleri bar. Özüňe gerek zady bilmezden, eşrete ýetip bilmersiň. Näme üçin eşrete ýetip bilmersiň? Seniň üçin maksat eşrete ýetmek bolmasa, eşretiň nämedigine düşünmersiň! Maksady bolmadyk adam därisiz okdur. Maksat – ömrüň mazasy hemem ölümiň belasy. Eger maksat gutarsa, ömrem haýallaýandyr. Maksadyň ýeňmek bolmasa sen ýeňlersiň, emma biziň maksadymyz ýeňmekden ybarat. Şonuň üçinem maksadyňy belentden tut! Çünki belent maksat seni beýiklere çykarar.

Maksat tut! Myradyňa ýet!

Ikinji ýörelge: Zähmet çekmek

«Çekseň zähmet, ýagar rähnet»
Türkmen halk nakyly

Belli bir maksat üçin adamyň sarp edýän akyl we beden güýjüniň işine zähmet diýilýär.

Karl Marksyň aýtmagyna görä, «Zähmet adamy adam edýän esasy guraldyr». Hakykatdan-da, zähmet çekýän adam, terbiýe taýdan beýleki adamlardan tapawutlanýar.

Her bir üstünligiň aňyrsynda zähmet terbiýesi ýatýar. Şonuň üçin zähmet çek! Öz beden güýjüniň we akyl zähmetiniň kömegi bilen halal ýaşaýan zähmet pälwany bol!

Ýatdan çykarma! Atalarymyzyň aýdyşy ýaly «Zähmet adamy kämillige, ýaşaýşy bolsa gözellige ýetirýän esasy ulagdyr».

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, bagtyň çeşmesidir, baýlygyň doganydyr, iň uly tälimçidir.

Zähmet ulalmak serişdesidir, üstünligiň bolsa ikinji basgançagydyr.

Üçünji ýörelge: Göreşmek

«Är göreşde belli, batyr söweşde»
Türkmen halk nakyly

Beýik akyldar Magtymguly özüniň meşhur şygrynda «Goç ýigitler meýdanynda bellidir» diýýär. Akyldaryň beýan edýän ýeri göreş meýdanydyr. Hakykatdan-da, üstünlige ýetmek üçin göreşmek gerek. Ýöne näme üçin göreşmeli? Bu soragymyza jogap bermezimizden öň, taryha ser salalyň. Zähmetkeş halk (işçiler we daýhanlar) feodalizmi nädip ýeňdi? Dogry! Göreşip ýeňdi. Göreşmeseň, ýol alyp bilmersiň. Şonuň üçin göreş! Özüňi ykrar etdirmek üçin göreş! Ýaşamak üçin göreş! Çünki durmuşyň özi uly göreşdir.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, milli däplerimizde kimde-kim birnäçe pälwany göreşde ýyksa, şoňa köşekli düýe sowgat berilýär. Ýöne, ýadyňdan çykarma, göreşde esasy zat ýykmak däl, ýykylanyňdan soň turmagy başarmakdyr. Halkymyzyň aýdyşy ýaly, «Ýykylan göreşden doýmaz».

Eger-de sen hem köşekli düýäniň eýesi bolmak isleseň, biliňi berk guşa! Çünki «Oýnan utjakdyr, göreşen ýykjakdyr».

Dördünji ýörelge. Nesibe

«Ykbalyň oýanyp, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar»
Magtymguly

«Göze görünmeýän eliň» bazarda gerek harydy öndürmäge mejbur edişi ýaly, üstünlik babatynda-da «göze görünmeýän el» bolup şowlulyk, başgaça aýdanymyzda, nesibe çykyş edýär.

Her bir işiň başynda şowlulyk zerurdyr. Her bir işde: söweşde, göreşde ýeňiş gazanmak nesibäňde bolmaly. Rowaýata görä, kümmeti Ahal welaýatynyň Duşak sebitlerinde ýerleşýän pir Mälik Pälwan bilen Hezreti Aly göreş tutanda, Allanyň şiriniň güýji asgyn gelipdir. Şonda Hezreti Aly Beýik Biribara ýüzlenip «Eziz Allam, sen meni «Allanyň şiri» diýen beýik mertebä mynasyp gördüň. Bu gün bolsa maňa bu ýaş pälwany ýykmaga kuwwat bermeýärsiň!» diýende, pälwanlaryň tutluşygyna seredip oturan pygamberimiz Muhammet aleýhyssalama Jebraýyl perişdeden owaz gelýär: «Eý, Muhammet! Aly Allanyň şiri we şiri bolmagynda-da galar, ýöne bu ýaş ýigidi ýeňmek onuň ykbalynda ýok».

Bilip goý! Sen kim, nähili adam bolsaňam, kysmatyňda bolmadyk zat nesip edýän däldir. Şonuň üçin tutan döwletli işiň kemal tapmagy üçin Beýik Biribardan her demde şowlulyk dilemegi ýatdan çykarma!

Hormatly okyjym! Eger sen beýik maksat tutup, halal zähmet çekseň, üstünlige ýetmek üçin göreşseň, Allanyň nazary bilen şowlulyk ýar bolsa, sen Gimalaý dagynyň üstüne, dünýäniň iň belent nokady Ewereste çykmagy hem başararsyň. Ana, şonda seniň adyň dünýä kitabyna ýazylar. Şol kitap bolsa wagt we giňişlik kanunlaryny bozup, seni geljege sary alyp gider. Şol geljekde nesillerimiz buýsanç bilen seniň adyňy tutar. Ynha, şonda sen üstün pälwan, has dogrusy, altyn düýäniň eýesi bolarsyň!

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir