Kiçi ýaşlaryndaka Tomas Edisonyň üşügi pesräk eken. Şonuň üçin ol okuwdan hem çetleşdirilýär. Ýörite mugallymdan goşmaça sapak almaly bolýar. Aslynda ugurtapyjy we bilesigeliji çaga bolupdyr. Entek çagaka özüni fizika we himiýa kitaplaryna berýär. Öýüň ýerzeminini barlaghana öwürýär. Himiki barlaglar geçirýär. Mors elipbiýini ulanyp, telegraf enjamyny oýlap tapýar. Şol barmana-da agyr ýarawsyzlyk tapynyp, gulaklary agyr eşidip ugraýar.

Kynlyk bilen gününi görýän maşgalasyna tekge bermek üçin otlularda gazet satmaga başlaýar. Emma şonda-da işden elini üzmeýär. Barlaghanasyny otly duralgasyna göçürip, barlaglaryny şol ýerde dowam etdirýär.

Ondan soňra özüne bir ussahana açynýar. Bu ýerde ses ýazdyrýan enjam döredýär, ýöne ony hiç kim satyn almak islemeýär. Işi ugruna bolmandygy sebäpli maddy ýagdaýy has-da pese gaçýar.

Bir gün Nýu Ýork şäher biržasynyň telegrafy bozulanda, Tomas Edisondan kömek soraýarlar we ol bozulan telegrafy ussatlyk bilen bejerýär. Yz ýany bir dosty bilen bilelikde inženerlik firmasyny döredýär. Üstünde işläp, satan patentleriniň esasynda köp pul gazanýar. Bu baýlygy bilen bir zawod gurduryp, telegraf enjamlarynyň önümçiligine başlaýar. Muňa garamazdan, wagtynyň esasy bölegini täze açyşlar üçin sarp etmäge dowam edýär.

1876-njy ýylda Graham Bell gepleýän telegrafyň üstünde işläp ugraýar. Enjama kömürden ýasalan bir geçiriji goşup, telefony ýola goýýar. Ses tolkunlarynyň dinamikasy babatda geçiren bu işleriniň netijesinde sesi ýazdyryp, gaýtalap bilýän grammofony döredýär. Wilýam Wallesiň döreden 500 şem güýjündäki ark çyrasyndan täsirlenen Edison ondan has zyýansyz hem-de arzan ýol bilen işleýän täze bir elektrik çyrasyny ýasamaga girişýär. Hut şu maksat bilen ýola goýan kampanýasynyň kömegi bilen öňdebaryjy telekeçileriň hemaýatyny alyp, «Edison Illuminating Company» atly yşyklandyryş kompaniýasyny esaslandyrýar. Ahyry, 1879-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda elektrik çyrasyny dünýä jemgyýetine tanadýar.

Tomas Edison hemişe kynçylyklar bilen göreşmäge dowam etdi, yza tesmedi. Maddy ýagdaýynyň pese gaçan döwründe-de iş depginini haýallatmady. Ynamyny mydama gorady we soňunda maksadyna ýetmegi başardy.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir