Iki dost, bir tokaýda agaç çapýardylar. Birinjisi, her säher ir bilen turýar, agaçlary çapmaga başlaýar, bir agajy agdaryp-agdarmanka, derrew ikinjisini çapmaga başlaýardy. Dynç almak beýlede dursun, käwagtlar öýlänlik naharyny-da edmän, dynuwsyz işleýärdi. Agşamlary-da, dosty öýüne dolanandan soňra-da ol işlemegini dowam edýär, dostundan bimäçe sagat soňra öýüne gaýdýardy.

Ikinji ýigit agaç çapýarka mahal-mahal dynç alýar, öýlänlik naharyny oňatja edinýär, agşamara-da heniz garaňky gatlyşmanka öýüne gaýdýardy.

Bir hepde soňra ikisi-de çapan odunlaryny üýşürmäge başladylar.

Ýöne geň galaýmaly: ikinji odunçy, dynuwsyz ýagdaýda işleýän dostundan iki esse artyk odun çapypdy.

Tutuş hepdäniň dowamynda hars urup işlän birinji odunçy geň galyp:

― Bu nähili beýle bolýar, ynanar ýaly däl ― diýdi. ― Hakykatda, men senden has köp işledim.

Beýleki odunçy ýylgyryp, munuň sebäbini şeýle düşündirdi:

― Dogry, sen dynuwsyz işlediň, men bolsa, arasynda oturyp dynç aldym. Dynç alýarkam-da, bir tarapdan paltamy ýiteltdim. Paltasy kesgir bolanda, ynsan has az güýç sarp edip, has köp odun çapyp bilýär.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir