"Goýberme meni!"

Tümlük tutsa meniñ töwerek daşym
Aladalar bilen çytylsa gaşym
Hünji deý düzülse gözlerde ýaşym
Käbäm,gys elimi,goýberme meni.

Göwrämi gujaklap,durmuşdan sowap
Soñsuz soraglara tapmasam jogap
Böl ünsümi,gara başymy sypap
Ýa-da bas bagryña, goýberme meni.

Ugrum öwrüläýse saga ýa sola
Golum tutup äkit sen dogry ýola.
Söýgä mätäç çagym mähriñe dola
Mähre baýym, asla goýberme meni.

Käte sabyrsyzlyk meni gynasa,
Ýa-da ykbal oýun bile synasa,
Ýalñyz goýup, meni daşdan synlama,
Goldaw ber ejemjan, goýberme meni.

Gonsa bir gün başymyza bagt guşy,
Düýpgöter özgertse, ýagty durmuşy.
Süýji günümde-de bolup syrdaşym
Ezizle, söý, süpür çygly gözlermi
Haýyş, käbäm asla goýberme meni.

Jennet ÇARYÝEWA

Edebiýat, Ulugyz tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir