14.Günüň gyzgynlygy näçe gradus?
Meniň şahsy teoriama görä onuň gyzgynlygy bary ýogy +10-15 gradus. Muny bir blogymda düşündirerin. Astronomiýada güniň gyzgynlygy 5,778 Kelwin.

Gün -15 gradusa çenli sowap bilýärmi?Günde sowuk howaň bolup biljegini birinji sapar eşidýän.Gaty geň ýagdaý.Bolýar gün -15 gradus sowaýar diýeli,ol haýsy wagtlarda sowaýar,gyşynyamy?Ýa-da günde pasyl çalşygy bolmansoň,islendik wagtda gyzyp,islendik wagtda sowaýarmy?Güne syýahata gitjeklere maslahat:Ýylyrak geýinmegi unutmaň!Siz günde ýanyp däl-de,sowukdan doňup ölmegiňiz mümkün.

Günüň diametri 51,5 km.Uzaklyk 6000 km.Gyzgynlyk 10 gradus.Ýerde welin,tomsuna 30-40 gradus.Muňa nähili düşünmeli?

2.Aý-gün nähli peýda bolan?
Tekiz ýere görä gündizligi döredýän gün däl. Aý we gün klassiki tekiz ýere görä maddanyň plazma haly olar plazmadan emele gelen. Başga teoriýa görä Aý bir gaty tprak (daş) jisimdir. Ol teoriýada aý toprak we daşlardan emele gelen.

Näme?Gündüzligi döredýän gün däl.Ýogsam näme,biri asmandan prožektor tutup oturandyr öýdýärsiňizmi?Bizde gündiz bolan wagty başga ýerde gije.Oňa nähili düşünmeli onda?

Tekiz ýerçileriň garaýyşynda ilki gije döreýär, soň gündiz, soň ýer, gün we aý hemde ýyldyzlar.

Gündiz nireden( nämeden)döreýär?

17.Ýer ýüzünde adam nähil peýda bolan?
Tekiz ýerçireriň käbir başlangyç öwrenijileri ewlusiýany kabul edýär. Filosofik tekiz ýere görä adam hikmet üçin ýaradylan...

Adam hikmet üçin ýaradylan?...


Senem mollalaryň aýdyşy ýaly:"Bar zat Hudaýa bagly"-diýip,aňsatlaşdyryp goýaýmansyňda.Tekiz ýerçiler bar netijäni ylma görä däl,dine görä çykarjak bolýan ýaly. "Adam hikmet üçin ýaradylan"-diýip,dünýä ylym jemgyýetçiligini ynandyryp bolarmy?Ýagyşam "Burkut baba ýagdyrýa" diýiň onda.

Netije:Gün +10 gradusdan -15 gradusa çenli sowap bilýär we gün ýere hiç hili ýagtylyk saçanok.Günüň diametri 51,5 km.Ýerden uzaklygy 6000 km.Gün prosta peýdasyz aýalyp ýören asman jisimi.Bar zat ýagtylyga bagly we ýagtylygyň peýda bolýan ýeri belli däl.Adam hikmet üçin ýaradylan jandar.Din hem ylym hem "Adam hikmet üçin ýaradylan" diýýän bolsa,ateistik pikirli adamlaryň döremegini geňem görmeli däl.Adamzady kanagatlandyryp bilmeýän gümürtük jogap.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir