Salam dostlar. Ýurdumyzyň iň ajaýyp informasion saýty Türkmenportal ýeriň aýlanyşynyň tizlenendigini habar beripdir. Onuň linki: https://turkmenportal.com/tm/blog/33532/dunya-50-yyl-ozalkydan-has-chalt-aylanyar
Bir türk saýty bolsa Hytaýlylaryň bir tehnikasy sebäpli ýeriň aýlanma tizliginiň peselýändigini habar beripdir. Onuň linki: https://www.kizlarsoruyor.com/gundem-ekonomi/a125834-topladigi-39-trilyon-kilo-su-ile-dunyanin-donus-hizini-yavaslatan-uc
Görşümiz ýaly iki tapawutly habar. Türkmenportalyň maglumatyny okasak onda sagat ýa minut hasaby dälde sekunt hasaby goýlupdyr. Bu hem sekunty sagada geçirmekligi käbirlerimiz barlabam göremzok we şol sebäpden maglumaty dogry kabul etmäge mejbur edýär. Onsoňam ýeriň aýlanma tizligini ýörite alymlar hasaplaýandygy beýan edipdir.
Ylym bolsa ýeriň öz okunyň daşyndan bir gezekki aýlanma tizligi: 23 sagat 56 minut 4 sekuntdyr.
Bolýa men ýeri togalak we aýlanýan hasap edeýin. Ýokardaky bulambujarlykdan dogrusyny nädip barlamaly? Hasaplamak ýönekeý. Gün dogan wagtdan ertirki dogýan wagtyň aralygyny hasaplamaly. Aýdaly bügün sagat 7:05-de gün çykdy, Ertirem 7:05-de gün çyksa ulanýan sagadymyz 24 sagat bolanlygy üçin, Ýer bir 24 sagat diýip alýas. Timeanddate.com atly bir saýt bar ol tekiz ýerçileriň dälde togalak ýerçileriň saýty. Ol saýtda Dünýäniň ähli şäherleriniň diýen ýaly güniň dogýan we ýaşýan wagty berilýär.
Häzirki wagt gyş pasly bolanlygy üçin gün doguş wagtyny hasaplamak kyn, sebäbi bulutly günler köp. Biraz sabyr etsek güneşli günler geler we barlaglary arkaýyn geçirip bileris.

Bilim, Khanture tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir